Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG gözegçileri Ukraina barar


Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň gözegçileri Ukraina iberilýär.

ÝHHG-nyň resmileri, ozal Orsýetiň garşy bolandygyna garamazdan, anna güni Wenada ylalaşyk gazandylar. ÝHHG azyndan 100 adamdan ybarat gözegçiler toparynyň ýurtdaky howpsuzlyk ýagdaýy boýunça alty aýlap maglumat toplajagyny aýtdy.

Emma olar maglumat toplanjak ýere Orsýetiň şu hepde, Günbataryň garşylygyna garaman anneksiýa eden Krym regionynyň hem girýändigini dile getirmediler.

Orsýetiň ÝHHG-däki toparynyň başlygy Andrei Kelin ýarymadanyň gözegçiler üçin ýapyk boljagyny, sebäbi onuň Orsýet Federasiýasynyň bir bölegidigini aýtdy.

Emma ABŞ-nyň ÝHHG-daky delegasiýasynyň başlygy Daniýel Baer žurnalistlere «Krym Ukraina» diýdi we şu sebäpden özleriniň Kryma baryp bilmelidigini nygtady.
XS
SM
MD
LG