Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ÝB gadaganlygyny ýazgardy


Orsýet Ýewropa Bileleşiginiň anna güni Krym krizisi sebäpli 12 sany orsýetlä we ukrainala garşy girizen gadaganlygyny «reallykdan üzňe» diýip atlandyrdy.

Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Aleksander Lukaşhewiç şenbe güni Orsýet muňa degişli jogap bermek hukugyny özünde galdyrýar diýdi.

Daşary işler ministrligi başga-da bir beýanat çap edip, onda Moskwa Ukraina ÝHHG-nyň gözegçilik missiýasyny ibermek baradaky karar «içerki ukrain krizisini» çözmäge we «milletçilikli garakçylygy» togtatmaga kömek eder diýen umytda diýdi.

Şeýle-de beýanatda missiýanyň ygtyýarlyklarynyň täze syýasy we kanun ýagdaýlaryny özünde şöhlelendirýändigi, ýagny Orsýetiň bir bölegi bolan Kryma we Sewastopola uzamaýandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG