Sepleriň elýeterliligi

Bagdat: Azat radionyň býuro başlygy öldürildi


 Mohammed Bdaiwi Owaid Al-Şammari

Mohammed Bdaiwi Owaid Al-Şammari

Yragyň prezident goragçysy Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Yrak gullugynyň, Yragyň Azat radiosynyň Bagdatdaky býurosynyň başlygy Mohammed Bdaiwi Owaidy atyp öldürdi.

Bu hadysa şenbe güni, Jadriýa etrabynda, Yragyň Azat radiosynyň edara jaýlarynyň ýerleşýän howlusynyň derwezesiniň agzynda boldy.

Şaýatlar Owaidyň goralýan derwezeden maşynly geçip barýan wagty peşmerga güýçleriniň agzasy bilen geçmek hukugy üstünde dawalaşandygyny aýtdylar. Ol ofiser wakanyň bolan ýerinden gaçmazyndan öň Owaidy tüpeňläpdir.

Peşmerga milisiýasy Yragyň prezidenti Jalal Talabaniniň kontrollugyndaky howlynyň goragyna jogapkär. Bu howluda etniki kürtlerden bolan prezidentiň iş we ýaşaýyş jaýlary hem ýerleşýär.

Premýer-ministr Nuri al-Maliki wakanyň bolan ýerinde Owaidyň maşgala agzalary bilen duşuşdy hem ganhoruň jogapkärçilige çekiljegini wada berdi.

Media aktiwistleri žurnalistiň öldürilen ýeriniň golaýynda demonstrasiýa gurnadylar.

Yrakda çykýan onlarça gazet, tanymal radio žurnalistiň öldürilmegine protest hökmünde, ýekşenbe güni gazet çap etmekden ýüz öwürdi.

Mohammed Bdaiwi Owaid Al-Shammari çagalary bilen.

Mohammed Bdaiwi Owaid Al-Shammari çagalary bilen.

Gazetleriň çap edilmeginiň bir günlük togtadylmagy «Yrak žurnalistleriniň sindikati» diýlip atlandyryldy. Olar şenbe güni Yragyň Azat radiosynyň Bagdatdaky býurosynyň başlygy Mohammed Bdaiwi Obaid Al-Şammariň öldürilmegini “elhenç jenaýat” hökmünde ýazgarýarlar.

Yragyň döwlet telewideniýesi žurnalisti öldürmekde güman edilýän adamyň şekillerini görkezdi, ol polisiýanyň tussaghanasynda saklanýar.

Prezident Talabaniniň edarasy žurnalistiň öldürilmegini «jenaýatçylyk hereketi» diýip atlandyrdy.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň baş redaktory Nenad Peýiç bu habara haýran galandygyny aýdyp, çuňňur gaýgysyny beýan etdi:

«Al-Şammari ol barlag nokadyndan her gün geçýärdi. Bu hili zadyň bolup bilmegi biz üçin gaty düşnüksiz we biz ol ýaragly adamyň doly derňelmegini we sud edilmegini talap edýäris - diýip, ol aýtdy. - Bu Azatlyk we Azat Ýewropa radiosy hem-de Yragyň Azat radiosy üçin örän uly ýitgi, biz Al-Şammariniň yzynda galan maşgalasyna hem kärdeşlerine çuňňur duýgudaşlygymyzy bildirýäris.»

Owaid 46 ýaşyndady, onuň yzynda aýaly we üç çagasy galdy.

Mohammed Bdaiwi Owaid Al-Şammari

Mohammed Bdaiwi Owaid Al-Şammari


Efirde Hasan Raşid diýlip tanalýan Owaid Yragyň Azat radiosynda 2004-nji ýyldan bäri işleýärdi we iki ýyl ozal radionyň Bagdatdaky býurosyna başlyk bellenilipdi.

Şeýle-de ol Bagdatdaky Al-Mustansiriýa uniwersitetinde žurnalizmden sapak berýärdi. Ol öz ylmy işini media filosofiýasyndan gorapdy we jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça masterlik derejesi bardy.

Şeýle-de ol arap dilinde çap edilen birnäçe kitabyň, şol sanda «Yrakdaky syýasy yslamyň metamorfozalary» (2011), «Yrak mediasy: Reallyklar we wezipeler» (2012) diýen kitaplaryň awtorydy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG