Sepleriň elýeterliligi

Ukrainanyň Krymdaky bazalary alynýar


Ukrain esgerleri Nowofedoriwkadaky howa bazasyny terk edýärler. Günbatar Krym, Saki etraby. 22-nji mart, 2014 ý.

Ukrain esgerleri Nowofedoriwkadaky howa bazasyny terk edýärler. Günbatar Krym, Saki etraby. 22-nji mart, 2014 ý.

Rus güýçleri indi Krymdaky ukrain harby desgalarynyň ählisine diýen ýaly kontrolluk edýär.

Şenbe güni rus güýçleri ýene iki bazany ele geçirdiler.

Rus goşunlary Belbek howa bazasyna atyşyk içinde zabt etmezinden öň, bronly harby tehnikalar harby desganyň içine urup girdi. Atyşyk mahalynda bir ukrain esgeri ýaradar boldy.


Sewastopolyň golaýynda ýerleşýän Nowofedoriwka bazasy hem, ýaragsyz orsýetçi protestçiler içine zor bilen girjek bolup synanyşyk edenlerinden soň boşadyldy.

Ukrain harby wekili rus goşunlarynyň Sewastopolda Ukrainanyň flagman gämisini, Slawutiçi hem ele geçirendiklerini aýtdy.

Orsýetiň Goranmak ministrligi 21-nji martdan bäri Ukrainanyň Krymda ýerleşýän ýaragly güýçleriniň desgalarynyň 147-siniň depesinde rus baýdaklarynyň galdyrylandygyny aýtdy.

Ukrainanyň harby gämileriniň 54-sinde, şol sanda Ukrainanyň ýekeje suwasty gämisi bolan «Zaporižiýada» hem Orsýetiň harby deňiz güýçleriniň baýdaklary galdyryldy.

Britaniýanyň daşary işler sekretary William Heýg Britaniýanyň we onuň ýaranlarynyň, Krymyň «elhenç» anneksiýasyndan soň, Orsýet bilen ýarag söwdasyny we harby hyzmatdaşlygy uzak wagtlyk çäklendirmek meselesine seretmelidigini aýtdy.

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Wolter Steýnmeýer şenbe güni Kiýewe sapary mahalynda, gündogar Ukrainadaky rus dilli köplügi ynandyrmaklyga gönükdrilen beýanaty üçin, geçiş premýer-ministri Arseniý Ýatsenýugy öwdi.

Doneskde 5 müň çemesi orsýetçi toplanyp, referendumy we Ukrainadan bölünmegi goldaýan şygarlara gygyrdy.

Şenbe güni ÝHHG-nyň Ukraina alty aýlyk gözegçilige iberýän missiýasy babatda ylalaşmazlyk döredi.

Bu missiýa Kiýewiň daşynda dokuz ýerde ýerleşdiriler, emma olaryň mandatynda Krym aýratynlykda agzalmaýar.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi şenbe güni olaryň mandatynda täze syýasy we kanun reallyklarynyň hem öz beýanyny tapandygyny, ýagny onuň Orsýetiň bir bölegine öwrülen Kryma we Sewastopola degişli däldigini aýtdy.

Emma Germaniýanyň hökümet wekili ÝHHG «Ukrainanyň territorial bitewiligine hiç hili şübhe abandyrmandy» diýdi.
XS
SM
MD
LG