Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda žurnalistiň ölümine protest bildirilýär


Yrakda çykýan onlarça gazet, tanymal radio žurnalistiň öldürilmegine protest hökmünde, ýekşenbe güni gazet çap etmekden ýüz öwürdi.

Şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň Yrak bölüminiň žurnalisti, Yragyň Azat radiosynyň Bagdatdaky býurosynyň başlygy prezidentiň peşmerga goragynyň agzasy tarapyndan atylyp öldürildi.

Gazetleriň çap edilmeginiň bir günlük togtadylmagy «Yrak žurnalistleriniň sindikati» diýlip atlandyryldy. Olar şenbe güni Yragyň Azat radiosynyň Bagdatdaky býurosynyň başlygy Mohammed Bdaiwi Obaid Al-Şammariň öldürilmegini “elhenç jenaýat” hökmünde ýazgarýarlar.

Al-Şammari Bagdadyň Jadriýa etrabynda, prezidentiň rezidensiýasynyň derwezesinde atylyp öldürildi. Bu ýerde Yragyň Azat radiosynyň edara jaýlary we beýleki hususy jaýlar hem ýerleşýär.

Yragyň döwlet telewideniýesi žurnalisti öldürmekde güman edilýän adamyň şekillerini görkezdi, ol polisiýanyň tussaghanasynda saklanýar.

Premýer-ministr Nuri al-Maliki şenbe güni wakanyň bolan ýerine gelip, onuň tussag edilmegini buýurdy. Prezident Talabaniniň edarasy žurnalistiň öldürilmegini «jenaýatçylyk hereketi» diýip atlandyrdy.

Azatlyk we Azat Ýewropa radiosynyň baş redaktory Nenad Peýiç bu habara çuňňur gaýgysyny we haýran bolandygyny beýan etdi:

«Al-Şammari ol barlag nokadyndan her gün geçýärdi. Bu hili zadyň bolup bilmegi biz üçin gaty düşnüksiz we biz ol ýaragly adamyň berk derňelmegini we sud edilmegini talap edýäris - diýip, ol aýtdy. - Bu Azatlyk we Azat Ýewropa radiosy hem-de Yragyň Azat radiosy üçin örän uly ýitgi, biz Al-Şammariniň yzynda galan maşgalasyna hem kärdeşlerine çuňňur duýgudaşlygymyzy bildirýäris.»
XS
SM
MD
LG