Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karzaý ABŞ bilen maslahatlaşýar


Birleşen Ştatlaryň iki partiýaly kongres delegasiýasy owgan prezidenti Hamid Karzaýy Birleşen Ştatlar bilen howpsuzlyk şertnamasyna gol çekmäge hem-de Owganystanyň Waşingtonyň howpsuzlyga wehim hasaplaýan tussaglaryny boşatmakdaky pozisiýasyna gaýtadan seretmäge çagyrdy.

Karzaý şenbe güni senator Kelli Aýotte tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän delegasiýany kabul etdi.

Karzaý şu wagta çenli Ikitaraplaýyn howpsuzlyk şertnamasyna gol çekmekden ýüz öwrüp gelýär.

Bu ylalaşykda 2014-nji ýyldan soň Owganystanda halkara güýçlerini saklamagyň düzgünleri kesgitlenmeli.

Karzaýyň şenbe güni çap eden beýanatynda owgan halkynyň ikitaraplaýyn howpsuzlyk şertnamasy baradaky pozisiýasynyň üýtgewsiz galýandygy aýdylýar.

Geçen aý owgan häkimiýetleriniň azat eden 65 tussagyny Birleşen Ştatlaryň howpsuzlyga wehim hasaplamagy barada bolsa, beýanatda «olaryň degişli ýuridiki we howpsuzlyk guramalarynyň karary esasynda azat edilendig» gaýtalandy.
XS
SM
MD
LG