Sepleriň elýeterliligi

Söwda komissary Orsýeti tankytlaýar


Ýewropa Bileleşiginiň söwda komissary Karel De Gucht şenbe güni Orsýeti tankyt etdi.

Ol Moskwanyň Dünýä söwda guramasyna goşulaly bäri gol çeken şertnamalarynyň ýerine ýetirilmegi üçin ýeterlik iş etmändigini aýtdy.

Germaniýanyň Marşal fondunyň Brýusselde geçirilýän forumynda çykyş eden De Gucht öz sözüne sansyz mysal getirip biljekdigini aýtdy.

Şeýle-de ol Orsýetiň, tebigy gaz öndürmek ýaly tebigy serişdelerini nazara almasaň, öwerlik ykdysadyýetiniň ýokdugyny aýtdy.

Ol Günorta Osetiýany «gara gorp» atlandyrdy we Orsýeti Gürjüstany durnuksyzlaşdyrmakda günäkärledi.

Şeýle-de komissar Orsýetiň Ermenistan bilen ÝB-niň arasynda gol çekilmeli söwda şertnamasynyň öňüni alandygyny, ýagny geçen ýyl Ýerewana eger ylalaşyga gol çekseň, Dagly-Garabagda Orsýetiň kömegine bil baglama diýendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG