Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kiýew: öňki ministriň hazynasy tapyldy


Ukrain derňewçileri ozalky energiýa ministri Eduard Stawitskiniň nagt pul, altyn şaý-sep, gymmatbaha sagat toplandygyny aýdýarlar.

Içeri işler ministrligi şenbe güni Stawitskiniň jaýlaryna we ofislerine geçirilen tapgyrlaýyn reýdler netijesinde 42 kg altynyň, bäş million dollara golaý ($4.8 million) nagt puluň tapylandygyny aýtdy.

Bu zatlaryň ählisi konfiskasiýa edildi. Orsýet bilen nebit we tebigy gaz gepleşiklerine başlyklyk eden Stawitski ýurtdan gaçdy.

Anna güni ýurduň milli gaz kärhanasy bolan Naftogazyň öňki başlygy Ýewhen Bakulin tussag edildi, ol 4 milliard dollary ogurlamakda güman edilýär.
XS
SM
MD
LG