Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl prezidenti parahatçylga çagyrýar


 Farnouş Ram, Farda radiosynyň Ysraýyldaky habarçysy (Ç) prezident Şimon Peresden interwiýu alýar. 21-nji mart, 2014

Farnouş Ram, Farda radiosynyň Ysraýyldaky habarçysy (Ç) prezident Şimon Peresden interwiýu alýar. 21-nji mart, 2014

Ysraýylyň prezidenti Şimon Peres, Nowruz, pars Täze ýyly mynasybetli, eýranlylylara parahatçylyk niýetlerini yglan etdi. Ol şu hepde, 19-njy martda, Farda radiosynyň Ysraýylda ýaşaýan žurnalisti Farnouş Ram bilen söhbetdeş boldy.

Peres Ysraýyl bilen Eýranyň arasynda parahatçylykly gatnaşyklaryň gurulmagyna çagyrdy we öz ýurdunyň urşa garşydygyny nygtady.

Şeýle-de ol Eýranyň şu ýyl saýlanan prezidenti Hassan Rohani Eýranyň parahatçylykly gatnaşyk saklamak isleýän ýurtlaryny sananda, onuň şol ýurtlaryň arasynda Ysraýylyň adyny agzamazlygyndan lapykeç bolandygyny aýtdy.

RFE/RL: Jenap prezident, siz haçan-da bir wagt Eýrana sapar edipmidiňiz we ondan näme ýadyňyzda bar?

Peres: Men Eýranda iki gezek boldum. Men patyşanyň myhmany boldum, şonda onuň ýaşyl Eýrany, ýa-da ak Eýrany, parahatçylyk Eýranyny guramak ugrundaky tagallalaryna haýran galypdym. Meniň pikirimçe, men başlangyjy gördüm we geljegi hem göz öňüne getirip bilerin. Siziň bilşiňiz ýaly, hökümetiň çalyşmagy bilen, munuň arasy bölündi. Sen hökümetleri çalşyryp bilersiň, emma taryhy üýtgedip bilmersiň. Taryh parahatçylyga çagyrýar. Taryh adamlaryň ählisiniň, başgaça bolmak hukuklary bilen, bilelikde ýaşamagyna çagyrýar.

RFE/RL: 1978-79-nji ýyllarda, haçanda Eýranda Mohammad şa Reza Pahlawä garşy iş taşlaýyşlar we demonstrasiýalar guralýarka, Ysraýylyň hökümeti Müsür bilen parahatçylykly gatnaşyk gurmaga meşguldy. Siziňçe, Ysraýyl Eýranyň täze režiminiň Ysraýyl bilen gatnaşyklardan üzňeleşmeginiň öňüni almakda has kän iş edip bilermi?

Peres: Ysraýyl Eýran bilen gatnaşyklaryny hiç wagt kesmedi. Gynansak-da, bu Eýranyň täze režimi tarapyndan edildi. Haçanda biz Müsür bilen parahatçylyk gurýarkak, adamlar kiçijik ysraýyl döwletiniň ullakan arap ýurdy bilen parahatçylyk gurup biljegine ynanmadylar. Şol wagt Eýrana Yrak hüjüm edýärdi, şuny ýatda sakla. Alty ýyl, köp adam öldürildi. Pikir edýärmiň...

Sen biz yraklylaryň eýranlylary öldürmegini gowy görendir öýdüp pikir edýärsiňmi? Hudaý saklasyn! Biz urşa garşy, diňe biz bilen Eýranyň ýa başga birleriniň arasynda däl, biz urşa garşy, nokat. Men Siriýadaky gandöküşikligi görýärin, men beýleki köp ýurtlardaky gandöküşiklikleri görýärin. Haçanda men bosgunlary, garry aýallaryň öz çagalary bilen azyk-suwluksyz, baş goýara ýer tapman ýörşüni göremde, bu zatlar adamy begendirip bilermi? Bu zerurmy? Bu delillendirilenmi? Näme bilen? Şu günki gün möhüm zat ylym, ýer däl. Sen ylmy uruş bilen ýeňmersiň, bilim bilen ýeňersiň.

RFE/RL: Siz Yrak-Eýran urşuny ýatladyňyz. Käbir eýranlylar şonda siziň ýurduňyzyň, urşuň dowam etmegi üçin, Eýrana ýarag satandygyny aýdýar.

Peres: [Bu] hiç wagt bolan zat däl. Ysraýyl hiç wagt o hili ýarag satmady. Ol ýerde bir [ýagdaý] boldy. Ol ýerde eýran toparlary tarapyndan alnyp gaçylan tussaglar boldy, onsoň eger biz raketalary ýa şoňa meňzeş bir zat bersek, olaryň azat ediljeginiň yşaratlary edildi. Bu bir çäklendrilen ylalaşykdy. Özem bu raketalaryň kiçijik bir kolleksiýasydy. Onsoň şol tussaglaryň ikisi azat edildi. Bolany şu, başga hiç zat ýok.

Peres: Men saňa aýtmak isleýän: biz näme üçin beýle etmelimişik? Geliň mantykly bolalyň. Hem eýranlylar, hem yraklylyr öldürilsin diýipmi? Näme üçin? Sen mantykly bolmaly. Biz mantykly bolmaly. Ýogsa-da, biz ýarag satyp eklenç etmeýäris, biz ylym we tehnologiýa bilen gazanç edýäris, özem biz muny beýleki ýurtlara garanda has kän edýäris, nebit-beýlekä eýe bolmazdan edýäris. Biz öz beýnimiziň, akylymyzyň arkasyndan ýaşaýarys, ýaragymyzyň arkasyndan däl.

RFE/RL: Siz hemişe Eýranyň beýik adamlarynyň we beýik taryhynyň bardygyny agzaýarsyňyz. Şonda-da, eýranlylar siziň ýurduňyzyň, Ysraýylyň olara näme üçin hüjüm etmek isleýändigine düşünmeýär. Hökümetiňiz Eýrana we onuň halkyna her gün zoňtar yşaratlary gönderip duran wagtynda, siziň Eýranyň halky bilen gürleşmegiňiziň näme ähmiýeti bar?

Peres: Sen näme bizi däli adamlar diýip pikir edýärsiňmi? Ysraýyl näme üçin Eýrana hüjüm etmelimişin? Näme sebäpden? Biz mundan näme gazanarys? Men näme ýitirjegimizi bilýärin, sebäbi her bir uruş çakdanaşa gymmat düşýär. Biz öz ýaşlarymyzy pida bermekçi bolmaýarys. Biziň bir maksadymyz bolmaly. Biz [uruşdan] näme gazanarys ahwetin?

RFE/RL: Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu Eýrana garşy harby çäre görmek ähtimallygy aradan aýrylmaýar diýýär. Bu Ysraýylyň ir ýa giç Eýrana hüjüm etjegini aňlatmaýarmy?

Peres: Men eýranlylaryň hiç biri Ysraýyl tarapdan alada galmalydyr diýip pikir etmeýärin. Eger bu ýerde alada galmaly bolsa, ysraýyllylar eýranlylar zerarly alada etmeli. Ysraýyl hiç wagt biz Eýrany weýran ederis diýip aýtmady. Gynansak-da, käbir eýran liderleri olaryň Ysraýyly weýran etjegini aýtdy.

Eýrana hiç kim haýbat atmaýar, men beýle iş edýän hiç bir adamy tanamok. Biziň premýer-ministrimiziň aýdan zady şu: «seret, eger sen bize hüjüm etmekçi bolsaň, biz saňa gaýtargy bermeli bolarys.» Emma biz hiç wagt Eýrana hüjüm ederis diýip haýbat atmadyk. Biz ony näme üçin etmelimişik? Biziň munuň üçin jinnek ýaly-da sebäbimiz ýok. Onsoňam biz öwrendik, eger biz pul gazanmak ýa bagtly bolmak islesek, muny uruş arkaly däl-de, parahatçylyk arkaly etmelidigine göz ýetirerçe ulaldyk diýip pikir edýärin. Men uruşdan utan hiç bir döwleti bilmeýärin. Olar bir pursatlyk utuş gazanyp bilerler, emma soň ömürboýy onuň derdini çekerler. Biziň uruş ýükümiz ýetdi.

RFE/RL: Eýranlylar Eýranyň soňky ýüzýyllyklarda hiç bir başga ýurda hüjüm etmändigini we munuň şeýle hem boljagyny aýdýarlar.

Peres: Bu dogry, ol ýerde şeýle diýýän eýranlylar bar. Emma beýleki bir tarapdan, başgaça zatlary aýdýan eýranlylar hem bar. Olar dünýäde iki sany şeýtan – amerikanlar we biz, ýagny ysraýyllylar bar we şolary weýran etmek isleýäris diýýärler. Näme üçin? Ýer togalagynda hemme adam üçin orun bar. Näme üçin biz bu hili iş etmeli?

RFE/RL: Siz Eýranyň uzak aralyga ýetýän raketalary baradaky meseläni gozgadyňyz, muny beýlekiler hem gozgady. Siz bu, Eýranyň ýadro programmasyndan başga meseleleri ara salmak bilen, Eýran bilen dünýä döwletleriniň arasynda barýan tutuş gepleşik prosesine howp salar öýtmeýärsiňizmi?

Peres: Eýran bilen dialog hakykatdan hem parahatçylygy getirmäge gönükdirilen. Eger siz parahatçylyk isleýän bolsaňyz, 2000-3000 km uzaklyga ýetýän raketalar nämä gerek? Olar kime hüjüm etmek isleýärler? Ýagny men biziň muňa düşünjek bolýandygymyzy aýdýaryn. Onsoňam eýran liderleri din bilen ýadro bombasyny edinmegiň bir ýere sygmaýandygyny, şu sebäpden ony edinmejekdiklerini aýtdylar.

Eger olar ýadro bombasyny edinmekçi bolmasalar, onda olara ýadro raketalary nämä gerek? Biz düşünmek isleýäris. Onsoňam Ysraýyl hemişe aýdyp geldi: «biz hiç kime hüjüm etmek niýetinde däl.» Biz eýýäm iki ýurt bilen parahatçylykly ylalaşyk gazandyk. Biz öz utan zatlarymyzy, ýeri, suwy, tebigy serişdeleri hiç bir ikirjiňlenmezden yzyna berdik.

Biz Iordaniýa hem utan zatlarymyzy yzyna gaýtardyk, Müsüre hem yzyna berdik, biz muny palestinalylar babatda hem şeýle etmek isleýäris. Geliň faktlara seredeliň. Biz ýedi gezek urşa giren we ýedi gezegem ýeňen we utan, gazanan zatlaryny parahatçylyk üçin yzyna beren ýeke-täk ýurt. Sebäbi biz iň uly ýeňiş parahatçylyk diýip pikir edýäris, uruş diýip pikir etmeýäris.

RFE/RL: Mossadyň ozalky direktory Aluf Meir Dagan, ozalky premýer-ministr Ehud Olmert, ozalky ýokary derejeli ysraýyl resmileriniň ýene birnäçesi Ysraýyl hökümetiniň Eýran babatdaky syýasatyny tankytlady. Ysraýylyň hökümeti bu şahslar Ysraýylyň bähbitlerine düşünmeýär diýýär. Bu çynmy?

Peres: Ýok, meniň pikirimçe olar iki sany başga-başga problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Olaryň biri terror, beýlekisi parahatçylyk. Biz hemişe parahatçylygyň tarapynda we biz elmydama terrora garşy göreşmeli. Onsoň bu ýerde biz tarapdan döredilmedik bir gapma-garşylyk bar. Biz gapma-garşylykly ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Gynansak-da, köp ýagdaýlarda, terroryň arkasynda eýran elleri bar. Goý, ol Argentina ýa başga bir ýer bolsun, men munuň näme üçin şeýledigine düşünip bilmeýärin. Näme üçin? Eýran, ylym-bilim we tejribe halky, näme sebäpden olar terrory ulanmaly? Näme üçin? Näme üçin bigünä adamlary öldürmeli? Şeýle bolansoň, olaryň hemmesi, wezipe başynda ýa işden aýrylan bolsun, olar parahatçylyk gazanmaga synanýarlar we olar terrory duruzmaly.

RFE/RL: Ysraýyl şu aýyň başlarynda öz harby-deňiz güýçleriniň Eýranyň Gaza ugradan kämilleşdirilen raketa ýüküni saklandyklaryny aýtdy...

Peres: Meniň pikirimçe, her kişide hem bolşy ýaly, men eýranlylaryň aýdýan ýa aýtmaýan zatlaryna ynanmak babatda öz pikirimi jemlemeli. Onsoň bu ýerde gapma-garşylyk bar. Eger olar, din boýunça, özleriniň ýadro bombasyny edinmekçi däldigini, özleriniň ýadro bombasyny ulanmakçy bolmaýandyklaryny aýdýan bolsalar, onda men ýönekeý sorag berýärin: «Onda siz näme üçin raketa ýasaýarsyňyz? Eýrana kim haýbat atýar? Maňa aýt. Men Eýrana haýbat atýan hiç kimi bilemok. Şu sebäpden men bir zada düşünmek isleýärin, näme üçin bu ýerde başga reallyk bar? Eýran muňa jogap bermeli.

RFE/RL: Siz prezident Hassan Rohani hakynda näme pikir edýärsiňiz? Ol sekiz aý ozal prezident saýlananda, siz ol hakynda oňyn gürrüň etdiňiz. Şondan bäri siziň pikiriňizde üýtgeşme boldumy?

Peres: Bilýäňizmi näme, o mahal Eýranda dürli toparlar bardy. Onsoň ol toparlaryň biri muny etmegi, başgasy ýene bir zat etmegi öňe sürdi. Biz gapma-garşylykly ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolduk, emma öz taryhymyzda hiç haçan Eýrana garşy söweşmek ýa çozmak niýetine düşmedik. Beýle zat bolmady. Meniň pikirimçe, Rohani bize uly umyt beren täze bir nota başlady. Emma görnüşinden, men näme üçindigini bilemok, ol muny uzak ýoluň boýuna dowam edip bilmedi. Mysal üçin, haçanda ähli ýurtlar bilen parahatçylykly bolmak isleýändigi barada aýdan sözlerinden soň, ondan bu Ysraýyla hem degişlimi diýip soranlarynda, ol jogap bermedi. Men gynandym. Menden Eýran bilen parahatçylyk guramak isleýäňmi diýip sora, men birjigem ýaýdanman «hawa» diýerin.

RFE/RL: Siz Palestin häkimiýetiniň prezidenti Mahmud Abbas Ysraýyl bilen parahatçylyk partnýory diýýärsiňiz, emma bu Ysraýylyň hökümetiniň siz bilen ylalaşýandygyny aňlatmaýar. Ysraýylyň goranmak ministri Moşe Ýa'alon golaýda Abbas indiden eýläk parahatçylyk partnýory däl diýdi.

Peres: Men öz hökümetimizdäki ministriň aýdan sözlerine jogap berip bilmerin. Emma men Ysraýylyň hökümetiniň Abu Mazen (Mahmud Abbas) bilen gepleşik geçirýändigini aýdyp bilerin. Bu hökümetiň ol partnýor diýip pikir edýändigini aňladýar. Eger ol partnýor bolmasa, biz onuň bilen gürleşmezdik. Emma biz eger onuň bilen gürleşýän bolsak, biz ony partnýor hökmünde ykrar edýäris. Men ony 30 ýyl bäri ýakyndan tanaýaryn we men oňa partnýor hökmünde ynanýaryn. Ol adamyň öz pikir-garaýyşlary bar, şeýle-de ol terrora we urşa garşy.

RFE/RL: Eýranlylaryň aýdyşy ýaly, siz ömrüňizde 92 ýazy gördüňiz. Siz Ysraýyl bilen Eýranyň gowy gatnaşyk gurmagyna şaýat bolmagy göz öňüne getirip bilýärsiňizmi?

Peres: Meniň pikirimçe, Eýranyň parahatçylykda ýaşaşmakdan başga ýoly ýok; maňa gulak as, Ysraýylyň hem parahatçylykda ýaşaşmakdan başga ugur-ýoly ýok. Iň soňunda Eýranda biri «Geliň, tüpeňläliň» diýse, adamlar ondan «Näme üçin? Sen näme isleýäň? Eger biz tüpeňlesek, olam gaýtargy berer. Sen näme edersiň? Bu bize nämä gerek?» diýip sorarlar. Eýran ykdysady problemalaryndan gutulmaga synanýar. Sen bu işi raketa ýa tüpeň atmak bilen edip bilersiňmi? Hudaý saklasyn, bu ummasyz kän pula durýar ahyryn. Men hakykat we mantyk ýeňer diýip ynanýaryn. Men biziň geljege barýan ýolumyza ýalňyşlar we akmaklyklar ýolbelet bolar öýtmeýärin.

RFE/RL: Siz Nowruz gutlagyny iberdiňiz. Siz Eýranyň Täze ýyly barada näme bilýärsiňiz?

Peres: Men Nowruz hakda köp zat bilýärin. Men Nowruzda bişirilýän naharlary halaýaryn. Men Nowruz dabaralaryny halaýan. Men ol ýerde, Persiýada ýaşan köp sanly ýewreýleri, olaryň Nowruzy baýram edişini unudyp bilmerin. Meniň özümem köp dabara çagyryldym, onsoň ol naharlary, dabaralary, aýdymlary gowy görýärin. Olardan mende örän gowy ýatlamalar galdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

We are sorry, but this feature is currently not available

XS
SM
MD
LG