Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Komandir 'ogurlandy', NATO duýdurýar


Orsýetçi protestçiler harby bazadaky ukrain baýdagyny aýyrýarlar. Nowofedoriwka, 22-nji mart, 2014 ý.
Orsýetçi protestçiler harby bazadaky ukrain baýdagyny aýyrýarlar. Nowofedoriwka, 22-nji mart, 2014 ý.
Ukrainanyň prezidenti Oleksandr Turçinow Krymdaky harby baza rus goşunlary tarapyndan zabt edileninden soň, Ukrainanyň howa güýçleriniň ýokary komandiriniň alnyp gaçylandygyny we Krymda saklanýandygyny aýtdy.

Turçinow ýekşenbe güni polkownik Ýuriý Mamçuryň, Ukrainanyň Belbek howa bazasyndaky güýçleriniň komandiriniň derhal azat edilmegine çagyrdy.

Sewastopolyň golaýyndaky Belbek howa bazasyna goşunlar zabt etmezinden öň, bronly harby tehnikalar desganyň içine urup girdi. Atyşykda azyndan bir ukrain esgeri ýaradar boldy.

Nowofedoriwka bazasy hem ele geçirilenden soň, Orsýetiň goranmak ministrligi ýekşenbe güni rus baýdaklarynyň indi Krymdaky harby desgalaryň 189 sanysynyň depesinde galgaýandygyny aýtdy.

Krymyň premýer-ministri Sergeý Aksýonow Simferepolda çykyş edip, rus goşunlarynyň basym gündogar Ukraina, Kremliň rus dilli ilata gorag gerek diýýän ýerlerine hem girip biljegini çaklady:

"Biz bu ýerde, Krymda [Orsýetiň kömegine] garaşyp, muny uzak wagt umyt etdik. Emma indi, muňa garamazdan, munuň biderek garaşmak bolmandygyny arkaýyn aýdyp biljek. Men [Orsýetiň] beýleki ukrain regionlaryndan edilýän ak ýürekli kömek çagyryşlaryna hem şunuň ýaly doganlyk äheňinde jogap berjegine ynanýaryn."

Brýusselde, ýekşenbe güni, NATO-nyň ýokara harby komandiri Orsýetiň goşunlarynyň Ukrainanyň serhetlerine toplanyp, Moldowanyň separatist Transdinestr sebitine hem wehim salýandygyny duýdurdy.

Birleşen Ştatlaryň generaly Filip Bridlow, NATO-nyň Ýewropadaky ýaranlyk güýçleriniň baş serkerdesi Germaniýanyň Marşal fondunyň «Brýussel forumynda» eden çykyşynda şeýle diýdi:

"Ukrainanyň gündogar serhedinde Transdinestr tarapy üçin uly mukdarda güýç toplandy, eger muňa karar berlen bolsa, bu juda aladalandyryjy zat."

Bridlow Orsýeti NATO-nyň bir ýarany däl, eýsem duşmany ýaly hereket etmekde günäledi.

Prezident Wladimir Putin Moskwada, ýekşenbe güni, gelýän hepdäniň içinde Krymda rus hökümet adminstrasiýasynyň işe girizilmegini buýurdy.

Duşenbe güni Krymda, ukrain puly bilen bir hatarda, rus rubly hem resmi pula öwrüler.
XS
SM
MD
LG