Sepleriň elýeterliligi

​Müsür: 529 adam ölüm jezasyna höküm edildi


Müsüriň sudy häkimiýetden çetleşdirilen prezident Muhammad Morsiniň we onuň “Musulman doganlygy” partiýasynyň 529 tarapdaryny ölüm jezasyna höküm etdi.

Höküm edilenleri gorap çykyş edýän aklawçy Ahmad al-Şarif olaryň ençeme dürli aýyplamalarda, şol sanda geçen ýylyň awgust aýynda bolan demonstrasiýalar döwründe polisiýa işgärine hüjüm etmekde we polisiýa ofiserini öldürmekde günäli tapylandyklaryny habar berýär.

Suduň çykaran bu karary şikaýat edilip bilner.

Aklawçy Şarifiň sözlerine görä, “Musulman doganlygy” partiýasynyň 16 sany tarapdary aklanypdyr.

Morsiniň we onuň “Musulman doganlygy” partiýasynyň 545 tarapdaryna garşy gozgalan sud işi birnäçe gezek gijikdirilip, soňa goýulypdy.
Höküm edilenleriň köpüsi gaýybana sud edildi.
XS
SM
MD
LG