Sepleriň elýeterliligi

​Kabul: Aňtaw gullugy daşary ýurdy aýyplaýar


Owganystan Kabulyň gymmatbaha myhmanhanasyna edilen hüjümiň daşary ýurt aňtaw gullugy tarapyndan planlaşdyrylandygyny aýdýar. Şol hüjümde dokuz adam ölüpdi.

Owganystanyň Milli howpsuzlyk gullugynyň ýaýradan beýanatynda penşenbe güni Serena myhmanhanasyna amala aşyrylan hüjüme jogäpkärdigi öňe sürülen ýurduň ady barada takyk maglumat berilmeýär.

Muňa garamazdan, owgan resmileri Pakistany Owganystanda terroristik hüjümleri amala aşyrýan söweşijilere goldaw bermekde ýygy-ýygydan aýyplaýarlar.

Ýekşenbe güni Owganystanyň Milli howpsuzlyk gullugy myhmana amala aşyrylan gijeki reýdden öň, pakistanly diplomatyň koridorlara ser salyp ýörüşi göze ildi diýýär.

Gürrüňi edilýän beýanatda Owganystanyň Milli howpsuzlyk gullugy Pakistanyň dini mekdeplerindäki okuwçylaryň ýurtda 5-nji aprelde geçiriljek prezidentlik saýlawlaryny bulaşdyrmaga taýýarlanylýar diýen netijä geldi diýilýär.
XS
SM
MD
LG