Sepleriň elýeterliligi

​Russiýa: Struganow tussag edildi


Russiýanyň jenaýatçylar toparynyň belli ýolbaşçysy Moskwada tussag edildi. Duşenbe güni Russiýanyň Içeri işler ministrligi 52 ýaşyndaky Wilor Struganowyň (lakamy: Paşa Swetomuzyka) sorag edilmek üçin Krasnoýarsk şäherine ugradylandygyny mälim etdi.

Krasnoýarsk sebitindäki resmiler 1990-njy ýyllarda Sibirdäki alýumin önümçiligi işi bilen ilteşikli Struganowa alty telekeçini we resmileri öldürmekde aýyplama ýöňkelendigini aýtdylar.

Struganow 1990-njy ýyllarda Krasnoýarskdäki Alýumin fabriginiň direktory Anatoliý Bykowyň ýaranydy.

2002-nji ýylda Bykow Struganowyň öldürilmegini guramalaşdyrmaga synanyşmakda günäli tapylyp, şertli tussaglyga höküm edildi.
XS
SM
MD
LG