Sepleriň elýeterliligi

​Gazak tussagy gynadylar diýýär


Gazagystanyň demirgazygyndaky Arkalyk şäherindäki tussagyň beýleki bir tussagyň ölümi barada köpçülikde gürläninden soň, gynamalara sezewar edilendigi habar berilýär.

“Adam hukuklary üçin gazak býurosy” atly guramadan Ýelizaweta Mokşewanyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Aleksandr Gaponow türme sakçylarynyň geçen aý özüni elleri kellesiniň üstünde 11 sagatlap çommalyp oturmaga mejbur edendigini öňe sürüpdir.

Mokşewa Gaponowy 12-nji martda jeza beriş koloniýasynda görmäge gidendigini, ýöne onuň bilen aýratynlykda gürleşmäge rugsat berilmändigini aýdýar.

Mundan ozal Gaponow Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Ýewgeniý Fedko atly tussagyň tebigy ýagdaýda ölmän, onuň öldürilendigini aýdany üçin türme resmileriniň özünden ar alandygyny aýdypdy.

Gaponow gorkuzyp pul almakda aýyplanyp, 2005-nji ýylda 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi we onuň öňümizdäki ýyl azat edilmegine garaşylýar.

Gazagystanyň resmileri Gaponow gynamalara sezewar edilendigi baradaky maglumatlary inkär etdiler.
XS
SM
MD
LG