Sepleriň elýeterliligi

Obama: Orsýete jeza bermekde biz bütewi


ABŞ-nyň prezidenti B.Obama (ç) we Gollandiýanyň premýer-ministri M.Rutte, Amsterdam, 24-nji mart, 2014.

ABŞ-nyň prezidenti B.Obama (ç) we Gollandiýanyň premýer-ministri M.Rutte, Amsterdam, 24-nji mart, 2014.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ABŞ-nyň we Ýewropanyň Orsýetiň Krym babatyndaky hereketleriniň “bahasyny” kesgitlemek boýunça bütewi bir pikirdedigini aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Gollandiýanyň premýer-ministri Mark Rutte bilen Amsterdamda geçiren duşuşygynyň yz ýany žurnalistlere şeýle diýdi: “Ýewropa we Amerika Ukrainanyň hökümetine we ukrain halkyna ýardam bermekde bütewidir. Biz Orsýetiň hereketleriniň “bahasyny” kesgitlemekde hem bütewi”.

ABŞ we ÝB ýaranlygy

Obamanyň Gollandiýanyň “de Wolkskrant” gazetine aýtmagyna görä, ol Ýewropa liderlerine Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň öz “Ukrainadaky hereketleriniň ykdysady we syýasy netijelerine”, şol bir wagtda-da ”Ukrainanyň ABŞ, Orsýet we Ýewropa bilen gowy gatnaşykda bolmagynyň möhümligine” göz ýetirmeginiň zerurdygyny düşündirmek isleýär.

Obama Ýewropany Waşingtonyň dünýädäki iň ýakyn ýarany diýip atlandyrdy we Ýewropanyň Amerikanyň dünýä bilen gatnaşyklarynda esasy orun tutýandygyny aýtdy.

Obama häzirki wagtda Hytaýyň prezidenti Hi Jinping bilen duşuşmak we Ýadro howpsuzlygy boýunça sammite gatnaşmak üçin Gaaga geldi.

Şeýle-de Obamanyň “Uly7” guramasyna girýän Germaniýanyň, Fransiýanyň, Kanadanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň we Britaniýanyň liderleri bilen duşuşyp, Krymyň Orsýet tarapyndan anneksiýa edilmegine jogap bermek meselesini maslahatlaşmagyna garşylýar.

Gaagadaky ýadro meseleleri boýunça sammitiň gidişinde ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň hem ikiçäk duşuşyp, Ukrainadaky krizisi maslahat etmegine garaşylýar.

ABŞ we ÝB Putiniň ýakyn töwereginden käbir adamlara garşy wiza gadagançylygy we bank hasaplaryny doňdurmak ýaly aýry-aýry çäreleri girizdiler.

Krymdaky harby çäreler

Şol bir wagtyň özünde-de Kiýewde Ukrainanyň prezidentiniň wezipesini ýerine ýetirýän Oleksandr Turçynow Krymdan Ukrainanyň harby güýçlerini çykarmak barada Goranmak ministrligine görkezme berdi.

Turçynow bu kararynyň Orsýetiň harbylarynyň Krymda Ukrainanyň harbylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň janyna hem saglygyna salýan howpy bilen baglydygyny aýtdy. Bu çäre Orsýetiň goşunlarynyň Ukrainanyň Feodosiýadaky harby-deňiz bazasyna girmeginiň yz ýany yglan edildi.

Orsýet Ukrainanyň Krym ýarym adasynda harby edaralarynyň ençemesini öz gözegçiligine aldy. Orsýetiň goranmak ministri Sergeý Şoýgu duşenbe güni Kryma bardy we Orsýetiň Sewastopoldaky Gara deňiz flotuny gözden geçirdi hem-de Krymyň, Ukrainana tarapyndan bikanun diýlip yglan edilen premýer-minsitri Sergeý Aksýonow bilen duşuşdy.

Soňky günlerde Orsýetiň güýçleri Ukrainanyň onlarça harby gämilerini basyp aldylar.

Ýekşenbe güni Ukrainanyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtalaýynça ýerine ýerirýän Andriý Deşçytsýa ABŞ-nyň telewideniýesine öz ýurdy bilen Orsýetiň arasynda uruş hereketleriniň başlanmak ähtimallygy güýçlenýär diýip hasap edýändigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG