Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul: Dalaşgäriň öýüne hüjüm edildi


Owganystandan gowuşýan maglumatlarda prezidentlige dalaşgär Aşraf Ghaniniň Kabuldaky öýünde partlamanyň we okuň sesiniň eşidilendigi barada habar berildi. Ghani öýünde bolmandy.

"Associated Press" agentligi polisiýanyň resmisi Saýed gul Aga Haşimä salgylanmak bilen partlamanyň janyndan geçen iki hüjümçi tarapyndan amala aşyrylandygyny aýtdy. Haşimi bir hüjümçiniň awto ulagyny partladandygyny, ikinjisiniň bolsa öz bedenine berkidilen bombany partladandygyny aýdyp, polisiýanyň güman edilýän üçünji adamy gözleýändigini habar beripdir.

Dünýä Bankynyň öňki resmisi we Owganystanyň öňki maliýe ministri Ghani saýlaw kampaniýasynyň gidişinde täsirli öňki özbek meýdan komandiri Abdul Raşid Dostumy özüne kömekçi etdi. Ghani partlamanyň yzýany çap eden maglumatynda öz saýlaw kampaniýasynyň çäginde Kabulyň günortasyndaky Gardez şäherine barandygyny habar berdi. “Talyban” Owganystanda 5-nji aprele geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna päsgel bermek üçin zorlugy ulanjagyny aýdypdy.
XS
SM
MD
LG