Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şwesiýa: Karimowa para almakda güman edilýär


Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowyň uly gyzy Gülnara Karimowanyň Swesiýanyň telekommunikasion kompaniýasy we para bilen bagly derňew işinde güman edilýän şahs hökmünde garalýandygyny aýdylýar.

“Reuters” agentliginiň Şwesiýanyň prokurorlaryna salgylanyp, habar bermegine görä, Karimowanyň “TeliaSonera” kompaniýasynyň özbek bazarynda ornaşmagyna ýardam bermek üçin para alan bolmagy baradaky çaklamalar derňelýär. Prokurorlaryň aýtmagyna görä, “TeliaSonera” kompaniýasy Özbegistanda 3G lisensiýasyny almak üçin Gibraltarda hasaba alnan “Takilant” şirketine 2007-nji ýylda 358 million amerikan dollaryny töläpdir. Bu kompaniýanyň Karimowa üçin galkan hökmünde ulanylýandygy aýdylýar.

Karimowanyň ady bikanun pullary ýüwmak boýunça Sweýsariýada gozgalan derňewlerde prokurorlar tarapyndan agzaldy. Şeýle-de Karimowa ABŞ-de we Gollandiýada derňew astynda.

Şol bir wagtyň özünde-de “BBC” agentligi özüne elde ýazylan hatyň gowşandygy we onuň Karimowadandygy barada habar berdi. Maglumata görä, Karimowa özüniň Daşkentde öý tussaglygynda we “güýçli psihologik basyşy astynda” saklanýandygyny we urlup-ýenjilendigini habar beripdir.
XS
SM
MD
LG