Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ukraina: Aşa milletçi lider öldürildi


Ukrainanyň aşa milletçi “Sagçy sektor” hereketiniň liderleriniň biri Oleksandr Muzyçko Riwne şäherinde öldürildi.

Onuň ölümi bilen bagly çaklamalar dawaly mesele bolmagynda galýarka, Ukrainanyň içeri işler ministriniň birinji orunbasary Wladimir Ýewdokimow howpsuzlyk güýçleriniň ýörite operasiýasynyň dowamynda Muzyçkony saklamakçy bolanlarynda onuň agyr ýaralanandygyny aýtdy. Ýewdokimow ýene üç adamyň tussag edilendigini we ýaragyň ele salynandygyny habar berdi.

Bu wakadan bir hepde ozal Muzyçko AÝ/AR-na şeýle diýipdi: “Ukraina garşy urşuň edil häzir başlanandygy barada pikir edýänler bar bolsa, bu nädogry. Ukraina garşy uruş 1991-nji ýylda başlandy we şondan bäri dowam edýär, sebäbi Orsýet Ukrainany okkupirleýänçä köşeşmez” diýdi.

Muzyçkony tussag etmek boýunça halkara görkezmesi şu aýda edilipdi. Muzyçko 1990-njy ýyllaryň ortalarynda Çeçen urşunyň dowamynda Orsýetiň harbylaryny öldürmekde güman edildi.
XS
SM
MD
LG