Sepleriň elýeterliligi

logo-print
Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň degişmeleri we halk henekleri.

Dost maslahaty

Fantastik žanyrda eser döredýän ýazyjy Hudaýberdi Diwangulyýew bir gezek deň-duşy, edebiýat tankytçysy Saýlaw Myradow bilen sataşanda “Kosmas bilen bagly fantastik powest ýazjak bolýan. Eseriň başky babyny göz öňüne getirýän. Üstüne türkmen kosmanawtlary münen kosmiki raketa älem giňişligine çykýar. Soňra haýsy problemany eseriň baş sýužeti etsem oňat bolar? Gel, şunuň maslahatyny edeli!” diýipdir.

Bir iş bilen gyssanyp barýan Saýlaw:

- Goý, raketa älem giňişligine çykan dessine heläkçilege uçrasyn. Raketa ýansyn, adamlar heläk bolsun. Şonda okyjylar eser ýazmagyň hatyrasyna ýazylan eseri okamakdan, sen bolsa näbelet temaňdan gowşak eser ýazmakdan halas bolarsyň – diýip, dost maslahatyny beripdir.

Isleseň iki on bereýin

Bir gezek Nebitdagda ýaşaýan Pyhy Tagan Aşgabada gelende myhmanhana ýerleşmekçi bolýar. Myhmanhananyň nobatçysy gelin “Ýaşuly, adyňa bron ýok, bronsyz otag berip bilemok” diýýär.

Bronyň birnäçe gün öňünden myhmanhanada kimdir biriniň adyna otag goýulmagyny haýyş edilip ýazylýan resmi hatdygyny her kimçe biýän Pyhy Tagan bronyň manysyna düşünmeýän türkana, sada obaly bolan bolup:

- Bir on az görseň, iki on, ýigrimi manat bereýin, ýöne maňa otag ber – diýipdir.

Kislorod

Bir gezek şahyr Ýylgaý Durdyýew şahyr Mämmet Seýidlň ýanyna gelip “Gazet--žurnallaryň edebiýat bölümlerinde bisowatlar otyr. Käsi “Pikiriňe düşnemok” diýse, käsi “Ulanýan sözüňe düşnemok” diýýär. Bisowatlardan haçan dynarys?” diýip zeýrenipdir.

Ussat Mämmet aga:

- Ýaşulular soweti (onuň adamlaryň adyny tutuşy), ähli zada birbada göz ýetirip bolanok. Ine, meselem, adamzadyň kislorodsyz ýaşap bilmejegine ýüz--ýüz elli ýyl ozal göz ýetirdiler. Edebiýat adam ruhunyň kislorody. Onuň ykbalyny çem gelene ynanmaly däldigine göz ýetirerler – diýipdir.

Beýle takyk ylmy açyş barada ilkinji gezek eşidýän Ýylgaý:

- Adamlar ýüz--ýüz elli ýyl ozal nämäniň hasabyna ýaşapdyr? – diýip, çyny bilen sorapdyr.

Beýni

Bir gezek Bütinsoýuz Edebiýat instutyny tamamlam şahyr Anna Kowusow medresede bilim alan Berdi Kerbaba görä ylym-bilim babatda has sowatlydygyny subut etmek, öwünmek üçin “Berdi aga, ylmy žurnallaryň birinde okadym, şokolad iýmek peýdaly. Ol beýnä dynç berýär, beýniň pikirlenmek ukybyny artdyrýar” diýipdir.

Berdi aga mys-mys gülüpdir. Soňra-da:

- Eýsemde bolsa Anna, şol okan makalaňda “Pikirlenmek ukyby ýok beýnä şokolad täsir etmeýär” diýen ýazgy-da barmy? – diýip, onuň özüne sowal beripdir.

Toplan Amanmyrat BUGAÝEW.
XS
SM
MD
LG