Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaaga: Nazarbaýew Obama bilen duşuşdy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen ABŞ-nyň Gaagadaky ilçihanasynda sişenbe güni duşuşdy. ABŞ-nyň resmileri diskussiýanyň mazmunyny mälim etmediler.

Gazagystan Orsýetiň ýakyn ýarany we Moskwanyň ýolbaşçylygyndaky Gümrük bileleşiginiň esasy agzasy, emma Nazarbaev Orsýetiň Ukrainadan Krym ýarym adasyny bölüp almagyny seresaply kommentirleýär. Gazagystanyň Orsýet bilen serhetdeş demirgazyk regionlarynda köp sanly ors dilli jemgyýetler ýaşaýar.

Obama we Nazarbaýew Ukrainadaky krizisy 11-nji martda telefon arkaly maslahat edipdi. Bu gepleşik Nazarbaýewiň Moskwa planlaşdyran saparyny ýatyrmagyndan bir gün öň bolupdy. Gollandiýada Ýadro howpsuzlygynyň sammitine gatnaşýan Obama we Nazarbaýew sişenbe güni bilelikde beýannama ýaýradyp, öz ýurtlarynyň “ýadro ýaragynyň ýaýbaňlanmazlygyna hem ýadro howpsuzlygyna eýerýändigini” mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG