Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krym anneksiýasy we rus ykdysadyýeti


Russiýanyň rubly
Russiýanyň rubly
Orsýetiň ykdysady ösüş ministri Alekseý Ulýukaew öten hepde üstümizdäki ýylyň deslapky iki aýynda ýurtdan bikanun çykarylan maýanyň 35 milliard dollara ýetendigini aýtdy.

Analitikler Orsýetden bikanun çykarylýan maýanyň soňky hepdelerde artandygyny, şu ýylyň birinji kwartalynyň aýagyna çenli onuň tutuş 2013-nji ýylyň dowamynda hasaba alnan 65 milliard dollardan aşmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Bu ýagdaýyň beýleki faktorlar bilen birlikde Orsýetiň gowşak ykdysadyýetini çökermegi mümkin.

Moskwadaky Nomos-bankyň ykdysadyýetçisi Kirill Tremasow ýagdaýy şeýle düşündirýär: "Meniň garaýşymça, bu faktorlaryň jemi - maýa goýumynyň aşaklamagy, sarp edijileriň talabynyň azalmagy - ykdysadyýetiň resessiýanyň gyrasynda durandygyny aňladar. Hökümet bürokratlarynyň ykdysady ösüş 2-3 prosent bolar diýýänini eşidýäris. Ýöne men bular esassyz ýere aýdylýan zatlar diýip pikir edýärin".

Görkezijiler

Rublyň nyrhy 2013-nji ýylyň ikinji ýarymynda takmynan 6 göterim aşaklapdy. Üstümizdäki ýyl bolsa, bu aşaklama artyp, eýýäm 10 göterime bardy. Netijede Orsýetiň Merkezi banky walýuta bazaryna güýçli goşulyp, düýp prosenti 5.5 göterimden 7 göterime ýetirdi.

Nataliýa Orlowa Moskwadaky Alfa-bankyň baş ykdysadyýetçisi. Ol bu ýagdaý barada aladalansa-da, ykdysadyýetde käbir ösüşleriň bardygyny aýdýar: "Biz fewral aýynda içerki sarp edijiligiň garaşylanyndan ýokary ösendigine şaýat bolduk. Şol sebäpden üstümizdäki ýyl ähli ugurlarda tutuş içerki önüm takmynan 1 göterim artar diýip çaklaýarys. Ýöne, elbetde, mart aýynyň sanlaryny görmeli. Prosent derejeleriniň ýokarladylmagynyň ykdysadyýete gytaklaýyn näme täsirler edendigini şol görkezer".

Tremasowyň bellemegine görä, rublyň hümmetiniň peselmeginiň garaşylmadyk netijeleriniň bolmagy mümkin. Sebäbi walýuta nyrhlaray hemişe adamlyň aňynda bolýar.

Krym

Analitikler Krymyň ors ykdysadyýetine birikdirilmegi-de ösüşi ep-esli derejede yza çeker diýýärler. Anneksiýadan öň hem Orsýetiň býujet defisiti, ýurduň maliýe ministri Anton Siluanowyň aýtmagyna görä, takmynan 55 milliard rubla deňdi.

Orsýetiň 85 regionynyň 74-niň şu wagt hem federal býujetden alýany ykdysadyýete goşýan goşandyndan agdyk. Krymyň-da ýokary derejede subsidirlenýän regionlaryň hataryna goşulmagyna garaşylýar.

Regionyň 2 milion ilatynyň 560 müňi pensioner, harby weteranlaryň aglabasy artykmaç kömeklerden peýdalanýarlar. Üstesine-de, regionda döwlet sektorynda takyman 200 müň adam işleýär. Diýmek, ýarymadanyň ilatynyň 40 göterimden gowragy göni býujet çykdajylaryna garaşly.

Karen Wartapetow "Standard & Poor's" reýting agenturasynyň Moskwadaky edarasynda analizçi. Ol şeýle diýýär: "Biziň analizlerimiz çen tutsaň, Krymyň häzirki ýagdaýy onuň Orsýetiň ortaça subsidirlenýän regionlarynyň biri bilen deňdigini görkezýär. Ol, diýeli, Demirgazyk Kawkaz, Tuwa ýa Burýatiýa bilen deň derejede, ýagny Krym ortaça girdeji, pensiýalar we adam başyna düşýän tutuş içerki önüm boýunça şu regionlar bilen deňräk"
XS
SM
MD
LG