Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaz ölçeýjiler talap edilýär, emma...


Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynyň birindäki gaz ölçeýji gural.
Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynyň birindäki gaz ölçeýji gural.
Aşgabadyň “Hitrowka” diýilýän ýeriniň ýaşaýjylaryndan hojalyklarda gazölçeýji abzallaryny oturtmak üçin pul ýygnalanyna eýýäm bir ýyldan hem köp wagt geçendigine garamazdan, bu raýonda ýörite gazölçeýji abzallar oturdylan öýleri barmak basyp sanaýmaly.

Gürrüňi gidýän gazölçeýjileri almak üçin her hojalykdan talap edilen 240 manat (84 dollar) möçberindäki pul tölegi türkmen häkimiýetleriniň gazyň “tygşytly peýdalanylmagyny gazanmak” ugrundaky kararyndan gelip çykýan çäre.

Geçen ýylyň aýaklaryndan beýläk türkmen hökümeti bu işe has-da köp üns berip başlady. Şondan soň gazyň tygşytly ulanylmagy baradaky meseleler hökümet ýygnaklarynyň köpüsinde gozgaldy.

Şu ýylyň ýanwar aýynda bolsa Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow telewideniýede we metbugatda tebigy gazy tygşytly ulanmak hem-de gaz ölçeýän enjamlaryň oturdylmagynyň tebigy gazy tygşytly ulanmaga mümkinçilik berjekdigi bilen bagly gepleşikler we materiallar toplumynyň taýýarlanmagyna degişli ýolbaşçylara görkezme beripdi.

Wagyz edilipdi

Şondan soň telewideniýede we beýleki metbugat serişdelerinde hojalyklarda gazölçeýjileri goýmak kampaniýasy has-da köp wagyz edilip başlandy. Hökümetiň talapy bilen birlikde ýerli mediada hem bu barada berlen maglumatlara, bildirişlere garamazdan, bu ugurdaky işleriň ilkibaşdaky hyjuwynyň peselendigini aýdýan ildeşlerimiz hem bar.

Paýtagtyň “Hitrowka” raýonynyň ýaşaýjysy Ahmet geçen ýyl öz ýaşaýan Swerdlow köçesiniň ýaşaýjylaryndan gazölçeýji goýmak üçin 240 manatdan pul ýygnalandygyny, emma bu abzalyň henize çenli oturdylmandygyny aýdýar.

Paýtagtyň diňe bir “Hitrowka” raýonynda däl, eýsem käbir beýleki raýonlarynda hem gazölçeýjileri goýmak talap edilipdi. Mysal üçin, Bedew ýaşaýyş massiwinde hem şeýle talap edilipdir. Emma ol ýerde hem gazölçeýjili hojalyklar ýok diýen ýaly.

Şu wagta çenli gazölçeýjilerini goýmak işiniň alnyp barlyşyndan çen tutsaň, paýtagtyň, esasan, merkezden uzakdaky raýonlarynda köp gazölçeýjiler goýlupdyr. Mysal üçin, Şor, Garadamak ýaly raýonlarda gazölçeýjilere duş gelmek mümkin. Emma şol raýonlardaky ýaşaýyş jaýlarynyň-da ählisinde gazölçeýjileri ýok diýse bolar.

Paýtagtyň köpgatly ýaşaýyş jaýly mikroraýonlarynda bolsa asla gazölçeýji goýmak talap edilmändir. Onuň üçin pulam ýygnalmandyr. “Iň soňy biziň ulanýan gazymyzyň möçberi limitden ýokary geçmeýär. Diňe nahar bişirilende diýäýmeseň, başga zat üçin gaz ulanamzok. Şonuň üçin gaz edarasy bizden pulam alanok” diýip, Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy Bahar gürrüň berýär.

Aşgabadyň etegi

Şol bir wagtda hem Aşgabadyň etegindäki käbir obalarda bolsa ýagdaý başgaça. Bu obalaryň köpüsinde gazölçeýjiler goýlupdyr. Mälim bolşy ýaly, bu obalarda ýyladyşhanalarda gökönüm ekmek üçin gaz köp sarp edilýär.

“Gazölçeýjileriniň esasan paýtagtyň etegindäki obalarda köp goýulýandygyndan çen tutulsa, häzirki alnyp barylýan gazölçeýjilerini goýmak kampaniýasy, esasan, oba ýerlerindäki şahsy kömekçi hojalyklaryny ýöredýänler üçin alnyp barylýan-a meňzeýär” diýip, Akdaşaýak obasynyň ýaşaýjysy Allamyrat aýdýar.

Adatça, howluly hususy ýaşaýyş jaýlarda ýagdaý başagaça. Gaz edarasynyň işgärleri limitden köp sarp edilýän gazyň ölçegini göz çeni bilen diýen ýaly ölçeýärler. Mysal üçin, ýaşaýyş jaýynda gazplitadan we kotelnýadan başga enjam üçin ulanylýan gaz üçin goşmaça töleg talap edýärler. Emma köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylaryndan asla gaz üçin töleg alynmaýar diýen ýaly.

Mundan başga-da gazölçeýjileri goýmak kampaniýasy bilen bir hatarda Türkmenistanda şu ýylyň 1-nji fewralyndan limitden ýokary ulanylan gazyň bahasy-da ýokarlandyryldy. Mundan ozal limitden ýokary 1000 kubometr gazyň bahasy 2 manat bolan bolsa indi onuň bahasy 20 manat boldy.

Türkmenistanda 1993-nji ýyldan bäri ýurtda her bir adama her aýda 50 kubometr gaz mugt berilýär.
We are sorry, but this feature is currently not available
XS
SM
MD
LG