Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gülnara Kerimowa derňelýär


Gülnara Kerimowa
Gülnara Kerimowa
Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimowyň uly gyzy Gülnara Kerimowa Şwesiýanyň telekommunikasiýa kompaniýasy bilen baglanşykly para barada barýan derňew işinde şübhelenilýän şahs hasaplanýar.

Şwesiýanyň prokurorlary bir beýanatda özleriniň "TeliaSonera" kompaniýasynyň özbek bazaryna girmegi üçin bu kompaniýadan para alamakda güman edilýänligi sebäpli Gülnara Kerimowa barada derňew işini alyp barýandyklaryny aýtdylar.

Prokurorlaryň bildirmegine görä, "TeliaSonera" 2007-nji ýylda Özbegistanda 3G lisenziýasyny almak üçin Gibraltarda hasaba alnan "Takilant" kompaniýasyna 358 million dollara barabar pul töläpdir. Bu kompaniýanyň bolsa Gülnara Kerimowa galkan bolup hyzmat edýändigi bilinmeýan zat däl.

Ilkinji gezek 2012-nji ýylda şwet telekanalynyň bir programmasynda bildirilen bu aýplamalar "TeliaSonera" kompaniýasynyň ýolbaşçy toparynyň, şeýle hem onuň ençeme ýokary derejeli işgärleriniň öz işlerinden çetleşdirilmegine sebäp boldy.

"TeliaSonera" alnyp barylýan derňewlerde özüniň şwed prokurorlary bilen hyzmatdaşlyk edýändigini aýdýar.

Şweýsariýa

Iki hepde mundan ozap Şweýsariýanyň prokurorlary hem özleriniň bu kanun pul ýuwmak boýunça alyp barýan derňew işleriniň Gülnara Kerimowany hem öz içine alýandygyny aýtdylar.

Prokurorlaryň aýtmagyna görä, şweýsar häkimiýetleri 660 million ýewrolyk şübheli özbek baýlyklaryny hem konfiskasiýa edipdir.

Mediada habar berilmegine görä, Gülnara Kerimowanyň birnäçe ýakyn ýarany, şol sanda tanymal özbek biznesmeni Rustam Madumarow Kerimowanyň Daşkentdäki öýünde tutulypdyr. Bulara aldawda, bikanun söwda işlerini alyp barmakda, pul ýuwmakda, şeýle hem ýurtdan köp mukdarda bikanun pul serişdelerini çykarmakda günä bildirilýär.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy bilen BBC özlerine el bilen ýazylan bir hatyň kopiýasynyň gowşandygyny aýdýarlar. Bu hatyň Gülnara Kerimowadandygyna ynanylýar.

Hatda Kerimowa özüniň Daşkentde öý tussaglygynda "agyr psihologik basyş astynda" saklanýandygyny, şeýle hem urlup-ýenjilendigini aýdýar.

Hatyň aşagynda goýlan gol ýok. Ýöne onda berilýän jikme-jik maglumatlar şeýle hem hatyň ýazylyş formasy ony ýazanyň Kerimowadygyny salgy berýär.

Awtor öý tussaglygyndaky gündelik durmuşy şeýle suratlandyrýär: "Kameralar bilen synlanýarkaň, hemme ýerde ýaragly adamlar barka, gören zatlaryň sebäpli gam laýyna batýarkaň beýle ýaşamak mümkin däl".

Hat dowam edýär: "Men özüni siwilizirlenen, ösüp gelýän ýurt diýip suratlandyrýan Özbegistanda bu zat bolar diýip asla pikir etmändim. Emma ýakyndan bir seretmek bu ýerde bolup geçýän çirkin zatlary maňa görkezdi. Ozal jedelleşýän adamlarymyň aýdýanlaryny diňlemek bilen bu zatlaryň köp wagt bäri bolup gelýänine göz ýetirdim" diýip ýazýar.
XS
SM
MD
LG