Sepleriň elýeterliligi

​Meredow Kabula bardy


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow resmi sapar bilen Owganystanyň paýtagty Kabula bardy. Ol saparynyň dowamynda Kabulda geçirilmegi planlaşdyrylýan halkara Nowruz baýramyna gatnaşar.

Meredow bu saparynyň dowamynda düýn owganystanly türkmenleriň käbir wekilleri bilen hem pikir alyşdy. Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasynda geçirilen bu gepleşikde näme hakda gürrüň edilendigi babatda takyk maglumat ýok.

Emma bu sapar hem-de etniki türkmenler bilen geçirilen gepleşikler soňky döwürler owgan-türkmen serhedinde emele gelen dartgynlylygyň yzýanyna gabat geldi. Şeýle-de ýakynda owganystanly türkmenleriň alty ruhanysynyň hem Türkmenistana sapar edendigi hakda maglumat gowşupdy.
XS
SM
MD
LG