Sepleriň elýeterliligi

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň goşgusy.

Turkmengalaly dostum Annadurda bagyşlap ýazan
"Daýanç nokady" poemamdan bir parça

Şükür, obalarda iş gytlygy ýok,
Iş kän bolýa asfaltyň az ýerinde.
Aýagyn topraga dirän daýhanyň
Boş alada bolýan däldir serinde.

Ykbaly topraga baglanan adam
"Bu gün nirä gitsemkäm" diýp ýaýdanmaz.
Başujunda sagat goýup ýatmaz ol,
Enesinden ir turmaga ýaltanmaz.

Ol hiç haçan demikdirip topragy,
Asfalt çalyp çykmaz agyz-burnuna.
Dynç almaga putýowkasyn galgadyp,
Başga birni goýup gitmez ornuna.

...Onsoňam, seň çölün bar-a, byradar!
Çykaýmaly öýe sygmadyk wagtyň.
Gaýnadyp bolýar-a bir taňka çaýy –
Palta salman injigine daragtyň!

Bilýän, mert ojaryň ýa boz jereniň
Kastyna gezelen palta ýa tüpeň –
Köçede duran bir owadan gyzyň
Baryp köýnegini ýyrtan bile deň.

Jennetiň waspyna köp söz gerek däl:
Bu sähra syn etse – lal aýdym aýtjak!
Gara niýet bilen barýan melgunam
Bu çölden bir geçse – pälinden gaýtjak.

...Iň esasam topragyň bar, gadyrdan,
Dabanyň astynda daýanç nokadyň.
Goý, bolsun diplomyň başga ugurdan,
“Ýer” ylmynam "ikiliksiz" okadyň.

Durmuş atly mugallymyň elinde,
Okamadyň agşamna ýa gaýbana.
Kime zemin gerek – goýmaga başyn,
Kime asman gerek – ganat ýaýmaga.

…Hawa, dogan, seň ýaşaýan ýeriňde
Çörek hasaplanýa bar zadyň başy.
Köçe-köçe, gapy-gapy gygyryp,
Aýlanyp ýöreňok süýt satýan maşyn.

Oňa derek köçeleri sarsdyryp,
Ýeriň demir hossarlary geçip dur…
Bu sahy topragyň ortarasynda
Babadaýhan maňlaý derin saçyp dur.

Ol gabanýa, gysganýa seň wagtyňy,
Ol çagyrýa seni ala meýdana.
Meň bilenem telpek bulap hoşlaşýa:
"Besdir, ýigit, gaýdaý senem mekana!"

Sag bol. Ýene galýaň meni ugradyp,
Ýola dolap berýäň tegelek nany…
Sebäbi, sen – bu topragyň eýesi,
Sebäbi, men – bu topragyň myhmany.

Türkmengala. 1985 ý
XS
SM
MD
LG