Sepleriň elýeterliligi

Berdimuhamedow Daşoguzyň ösüşine syn etdi


Prezident G.Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna sapary, 25-nji mart, 2014.

Prezident G.Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna sapary, 25-nji mart, 2014.

Türkmenistanyň prezidentiniň Daşoguz welaýatyna iş sapary boldy. Resmi maglumatlara görä, ýurduň sosial-ykdysady ösüş programmasynyň çäginde regionda bu işleriň gidişine, gurluşyk we oba hojalyk işleriniň amala aşyrylyşyna üns berlipdir.

Hödürlenen gurluşyk proýektleriniň arasynda Daşoguzda tiz kömek merkezi we welaýat kitaphanasy agzaldy. Şeýle-de Köneürgençde pagta egirme-dokma fabriginiň, pagtanyň çigidini gaýtadan işleýän kärhananyň, S.Türkmenbaşy we Boldumsaz etraplarynda bugdaý degirmenleriniň, bugdaý saklanýan desgalaryň gurluşygy boýunça proýektlere seredilendigi aýdyldy.

Saparyň barşynda Türkmenistanyň prezidenti Daşoguz welaýatynda gurulýan we indi guruljak maldarçylyk toplumlary bilen tanyşdy. G.Berdimuhamedow Nyýazow adyndaky etrapda gurulýan maldarçylyk toplumynyň beýleki regionlarda-da şeýle toplumlaryň gurulmagynyň başlangyjy boljakdygyny aýtdy.
Prezident G.Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna sapary, 25-nji mart, 2014.

Prezident G.Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna sapary, 25-nji mart, 2014.

Resmi maglumatlara görä, S.Nyýazow adyndaky etrapda gurulýan bu ferma 500 sany iri şahly mallaryň saklanmagy üçin niýetlenýär we onuň 40 sygyryň bir wagtda sagylmagy üçin ösen tehnologiýa esasynda abzallaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Şeýle-de bu ýerde ýylda iki müň tonna süýdi işlemek boýunça kärhananyň guruljakdygy aýdyldy.

G.Berdimuhamedow ýurtda azyk bolçulygyny ösdürmek üçin döwletiň mundan beýläk ähli şertleri döretjegini aýtdy.

Berdimuhamedowyň Daşoguzda haly fabriginiň gurluşygy boýunça proýekti öwrenendigi we regionda zenanlaryň iş bilen üpjünçiligini we aýallaryň el hünärlerini ösdürmek üçin çäre görmegi wise-premýer Nurmyradowa tabşyrandygy habar berildi.

Türkmenistanyň prezidentiniň Daşoguz welaýatyna eden iş saparynyň dowamynda welaýatda amala aşyryljak ençeme uly göwrümli gurluşyk planlary barada hem habar berildi.

Resmi maglumatlara görä, Daşoguz-Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda 35 gektar meýdanda täze bazar gurlar, bazaryň binasy welaýata mahsus haly gölüniň şekilinde ýerine ýetiriler. Welaýatyň merkezinde 5 ýyldyzly myhmanhananyň, şeýle-de 6 gektar ýerde 3 müň adamlyk metjidiň, onuň ýanynda-da 200 adamlyk myhmanhananyň guruljakdygy barada resmi maglumatda aýdyldy.

Medeniýet hepdeligine görülýän taýýarlyklar baradaky hasabatda medeni çäreleriň geçiriljek ýerlerinde türkmen gara öýleriniň dikiljekdigi, baýramçylyga gatnaşýanlaryň telewizion tomaşalary görüp bilmegi üçin bu ýerde uly monitoryň guruljakdygy aýdylýar. Mundan başga-da baýramçylygyň geçiriljek meýdanynda sahnalaryň hem töwerek-daşyň, şeýle-de suw fontanlarynyň nähili bezeljekdigi barada jikme-jik maglumat berildi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG