Sepleriň elýeterliligi

Krym: Gitmelimi ýa-da galmaly?


Ukrainaly esger

Ukrainaly esger

Ukrainanyň Krymdaky goşunlarynyň öňünde möhüm bir sorag keserip dur. Olar Krymda galmalymy ýa-da näbelli geljegi nazarlap, Ukraina, ýagny ýurduň kontinental bölegine göçmeli?

Olganyň adamsy Sewastopolyň golaýyndaky Belbek bazasynda harby hünärmen bolup işleýärdi. Ol bu wezipesinde geçen şenbe gününe, ýagny rus harbylarynyň bu ýere hüjüm etmegine çenli boldy. Häzir bolsa Krymdaky krizis sebäpli bu maşgala geljegini kesgitlejek, iň azyndan aňsat bolmadyk bir sorag bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Olar ýarymadada tutuş ömrüni geçiren beýleki müňlerçe ukrain harbylary ýaly häzirki wagtda gutarnykly kime degişli boljakdygy nämälim bir regionda duzaga düşdüler.

Ukrainanyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Oleksandr Truçynow duşenbe güni Kiýewiň Goranmak ministrligine görkezme berip, Krymdan ukrain goşunlarynyň çekilmelidigini aýtdy.

Emma Kiýew goldaw bermese, harby gullukçylaryň köpüsiniň beýleki sebitlerde galmaga ýeri ýok. Eger-de olar ýarymadada galmak kararyna gelseler, olar Moskwa wepaly boljakdyklaryna kasam etmäge mejbur edilip bilnerler.

Bu aralykda Kiýewiň harby häkimiýetleri Ukraina ygrarly goşunlary Russiýa tarapyndan basylyp alnan Krymdan nädip çykarmaly diýen meselede kelle döwýärler.

Kiýew gullukçylardan harby tehnikany alyp çykmaklaryny soraýar. Emma Russiýa bilen arada bu harby kerweniň kontinental Ukraina päsgelsiz geçirilmegine ýol açjak degişli ylalaşyk ýok.

Nämälim geljek

Howpsuzlyk sebäpli öz äriniň adynyň tutulmazlygyny soraýan 22 ýaşly Olga özleriniň kireýine ýaşaýan jaýynda galyp, ýagdaýlaryň neneňsi özgerjekdigine garaşmaga mejburdyklaryny aýdýar.

Turçynow rus goşunlary ýarymadadaky bazalary eýelänsoň, ol ýerden harbylaryň çykarylmalydygyny aýtdy. Ol rus gullukçylaryndan abanýan howp sebäpli bu ädimiň zerurdygyny belledi.

24-nji martda rus güýçleri Gara deňziň Feodosiýadaky ukrain harby bazasyny eýelänsoň, ol ýerdäki ukrain deňizçileri ewakuasiýa edildiler.

Ukrainanyň Goranmak ministrligi sebiti entek terk etmedik ukrain esgerlerini ýerleşdirmek boýunça ýörite komissiýanyň düzülendigini mälim etdi. Emma rus goşunlarynyň Ukrainanyň gündogar serhetlerini gurşap alandygy sebäpli ukrain harbylarynyň hereketleri gizlin saklanylýar.

Sişenbe güni Krymdaky krizis we Ukraina ygrarly esgerleriň ykbaly bilen bagly gahar-gazap sebäpli, parlament goranmak ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ihor Tenýukhi wezipesinden boşatdy.

Bu aralykda Olga Kiýewiň Ukraina ygararly gullukçylary üçin iş, jaý we beýleki zerur şertler bilen bagly kararlary tizara kabul etjekdigine umyt baglaýandygyny aýdýar
XS
SM
MD
LG