Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G.Koreýa: Demirgazyk synag-raketasyny uçurdy


Günorta Koreýa çarşenbe güni Demirgazyk Koreýa synag maksatly orta aralykdaky iki raketany deňize uçurdy diýýär. Bu barada Günorta Koreýanyň “Yonhap” habar gullugy mälim edýär.

Bu Günorta Koreýa bilen Birleşen Ştatlaryň bilelikdäki harby tälimine Demirgazyk Koreýanyň protest alamaty hökmünde garalyp, gürrüňi edilýän raketalar soňky hepdeleriň dowamynda Phenýanyň uçuran onlarça raketasynyň iň soňkusydyr.

“Yonhap” habar gullugynyň Günorta Koreýanyň Bilelikdäki komitetiniň ştab başlygyna salgylanyp berýän maglumatynda Demirgazyk Koreýanyň “Phenýanyň demirgazygyndaky Sukhon regionyndan Gündogar Hytaý deňzine” ballistik raketalary uçurandygy aýdylýar. Olar bu raketalaryň “Nodong” kysymly raketalar bolup biljekdigini pikir edýärler.

Şeýle-de, maglumatda raketalaryň takmynan 650 kilometr aralygy uçandygy habar berilýär.

Muňa reaksiýa hökmünde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamenti Demirgazyk Koreýanyň synag maksatly bu raketalary uçurmagynyň “howsalanyň we öjükdirmäniň güýjemegini” aňladýar diýip jogap berdi.
XS
SM
MD
LG