Sepleriň elýeterliligi

​Malaziýa: Täze obýektler görünýär


Malaziýanyň resmileri ýeriň hemrasynyň görkezýän täze suratlarynda ýiten uçaryň bir bölegi diýip çaklanylýan takmynan 122 obýekte duş gelindi diýýär. Bu obýektler Hindi okeanynyň günortasynda görünýär.

Malaziýanyň häzirki transport ministri Hişamuddin Hussein gürrüňi edilýän obýektleriň 400 kwadrat kilometr aralykdaky territoriýada tapylandygyny aýdýar.

Malaziýanyň “MH370” kysymly uçary 8-njy martda Kuala Lampurdan Pekine tarap uçanyndan gysga wagt soň ýitirim bolupdy. Uçardaky 239 ýolagçynyň aglabasy Hytaýyň raýatydy.

Birleşen Ştatlaryndan, Hytaýdan, Ýaponiýadan, Günorta Koreýadan, Awstraliýadan we Täze Zelandiýadan 12 uçaryň we iki gäminiň gatnaşmagynda gürrüňi edilýän uçardan galyndylary gözlemek tagallalary çarşenbe güni täzelendi. Olar gözleg işlerini Awstraliýanyň Perth şäheriniň takmynan 2 müň 500 kilometr günorta-günbatarynda amala aşyrarlar.
XS
SM
MD
LG