Sepleriň elýeterliligi

​Kabul: Üçünji kandidat yza çekildi


Owganystanda 5-nji aprelde geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaş edýän üçünji kandidat bäsleşikden çekildi.

Sardar Mohammad Nadir Naim çarşenbe güni Kabulda žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda öz goldawlaryny ýurduň öňki daşary işler ministri Zalmaý Rasula berýändigini aýtdy. Nadir Naimiň žurnalistler bilen geçiren bu duşuşygyna Zalmaý Rasul hem gatnaşdy.

49 ýaşyndaky Naim Owganystanyň öňki patyşasy Zaher şanyň agtygydyr. Owganystanda geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaş etmek üçin jemi 11 kandidat ýazga alnypdy.

Häzirki prezident Hamid Karzaýyň uly dogany Kaýum Karzaý 6-njy martda prezidentlik saýlawlaryndan kandidaturasyny yza çekip, ol hem Rasula goldaw berýändigini aýdypdy.

Mart aýynyň ortalaryna Owganystanyň öňki goranmak ministri Abdul Rahim Wardak hem prezidentlik bäsleşiginden yza çekilýändigini mälim edipdi.
XS
SM
MD
LG