Sepleriň elýeterliligi

U.Ahun: "Türkmenler hemaýaty wada edýär"


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow resmi sapar bilen Owganystanyň paýtagty Kabula bardy. Meredow bu saparynyň dowamynda düýn owganystanly türkmenleriň käbir wekilleri bilen hem pikir alyşdy.

Türkmenistanyň Kabuldaky ilçihanasynda geçirilen bu gepleşige gatnaşan owganystanly türkmenler Aşgabadyň Antgoý welaýatyna ugradýan elektrik togunyň kuwwatyny bäş esse ýokarlandyrmaga wada berendigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Şamerdanguly Myrady Türkmenistanyň daşary işler ministri Meredowyň Kabuldaky türkmen ilçihanasynda geçiren ýygnagyna gatnaşan owganystanly türkmen Ubaýdulla Ahun bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Siz şol duşuşygyňyz barada aýdaýsaňyz?

Ubaýdulla Ahun:
Duşuşykda Türkmenistandan edilen kömekler üçin Alla ýalkasyn aýtdyk. Soňra biziň alty welaýatymyzdan ýerleriň derýa alýandygyny aýdyp, oňa kömek beriň diýildi. Mesjit gurup beriň diýip kömek soradyk. Derýa ýakasynda oturýan garkynlylara şol ýerden suw berilmegini haýyş etdik. “Haýyşlaryňyzyň hemmesini eşitdik, olary maslahatlaşarys” diýdi.

Azatlyk Radiosy: Antgoýa Türkmenistan elektrik toguny berip otyr hem-de şol etrapda bir hassahana gurup berdi. Şol klinikada derman ýokdugyny hem-de Türkmenistandan gelýän elektrik togunyň güýjüniň azdygyny aýdýarlar. Bu barada magumat beräýseňiz?

Ubaýdulla Ahun:
Bu barada hem aýtdyk. Hawa. “Bu barada biz iş alyp barýarys. Tiz pursatda öňki derejesine ýetireris” diýip wada berdi.

Azatlyk Radiosy: Daşary işler ministri Owganystana Nowruz baýramynyň dabarasyna gatnaşmak üçin gelipmi?

Ubaýdulla Ahun:
Şeýle bolsa gerek. Biz muny soramadyk. Başga-da hökümetlik iş-aladasy bolsa bardyr. Ony soramadyk.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanyň bir ýokary wezipeli resmisiniň hususan-da türkmen wekilleri bilen duşuşmagy sizde nähili täsir galdyrdy?

Ubaýdulla Ahun:
Biz muňa guwandyk hem begendik. Türkmenistan bize hemişelik goňşy ýurt, örän gowy, azarsyz. Owganystana peýdasyny ýitirip bilse ýetirjek, zyýanyny ýetirjek däl. Onsoňam Türkmenistan hökümeti bizi – Owganystanda ýaşaýan türkmenleri-de ýatlaýarmyka diýlen pikirlerem göwne gelýär dogrusy.

Ministr şu ýeriň türkmenlerinden birnäçe adamy jemläp oturyşdy, bize göwünlik berip duşuşdy. Şeýdip ýatlanyna hoş bolduk. Biziň bu ýerde dilimiz uzyn boldy. Türkmenistan barada owganlylaryň arasynda, hernä, dilimiz uzyn. Ondan daşary-da Owganystana elinden gelen kömegini edýär.

Azatlyk Radiosy: Näme üçin owgan türkmenleri agzybir bolup, bir başa gulluk edip bilenok?

Ubaýdulla Ahun:
Biz owalky ýygnakda Türkmen şurany öňe çykardyk. Ikinji ýygnakda Rozygeldini başlyklyga göterdik. Bu zatlaram assa-ýuwaş bolar-da. Häzir bir başa ses berip duran uly il ýok. Bu assa-assa bolar diýip pikir edýäs. Entek göwün hasabym çykanok. Oňa wagt barmyka diýýän.

Azatlyk Radiosy: Arada Owganystanyň Parahatçylyk boýunça Ýokary Geňeşiniň başlygy bir delegasiýa ýolbaşçylyk edip, Türkmenistanda saparda boldy. Şonda Türkmenistan Owganystana Parahatçylyk boýunça kömek etmäge taýyndygyny aýdypdyr. Mysal üçin, Owganystanda asudalygyň ornaşdyrylmagy üçin, Türkmenistan taraplar bilen gepleşikleriň geçirilmegine pursat döretjekdigini aýdypdyr. Siziň pikiriňizçe, Owganystanda Parahatçylygy ornaşdyrmak boýunça Türkmenistan haýsydyr bir rol oýnap bilermi?

Ubaýdulla Ahun:
Öz güýjüne laýyk peýdasy deger. Owganystana bir ýurt, bir goňşy döwlet ýardam edeni bilen parahatçylyk gelmez, ýöne peýdasy deger.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistanda saparda bolduňyz. Türkmenistany nähili gördüňiz?

Ubaýdulla Ahun:
Türkmenistanyň parahatlygyny gaty gowy gördüm. Ol ýer aramlyk. Bir adam saňa “nirä barýarsyň?” diýenok. Owalkylardan köp ösüpdir. Halk belalaryndan biri, tirýek disekmi ýa neşemi, o ýerde galmandyr. Uly-uly metjitler gurulýan eken, musulmançylyk taýdanam azat eken. Şol zatlary görüp, köp hoş bolup gaýtdyk. Galanam assa-ýuwaş bolar, enşalla
.
Azatlyk Radiosy: Sizi gowy garşy aldylarmy?

Ubaýdulla Ahun:
Juda gowy. Hawa.
We are sorry, but this feature is currently not available

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG