Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tuhbatullin: Hakyky problemalar gozgalmady


Türkmenistan.
Türkmenistan.
Daşoguzyň ýaşaýjylary agyz suwunyň ýetmezçilik edýändigini we suwuň hapadygyny aýdýarlar, şeýle-de keselçilikden we işsizlikden kösenýändigini gürrüň berýärler. Emma prezident G.Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna saparynyň dowamynda şeýle meseleler giňden gozgalmady. Azatlyk Radiosy regiondaky problemalar barada "Türkmen inisiatiwasy" guramasynyň müdiri Farid Tuhbatullin bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Daşoguz welaýatynda edil şu günki gün çözülmän galýan nähili meseleler bar?

Tuhbatullin: Daşoguz sowet döwründe-de ykdysady we sosial taýdan iň yzda galýan regiondy. Bu ýerde senagat önümçiligi ýokdy, welaýat, esasan, oba hojalyk bilen meşgullanýardy. Daşoguz ekologiki krizisiň zonasy hem hasaplanýardy. Çagalaryň, eneleriň ölüm derejesi mydama ýokarydy. Bu ýagdaý şu günki güne çenli hem saklanyp galýar we hatda agyrlaşýar. Ilat işsizlik, azyk üpjünçiliginiň we agyz suwy bilen üpjünçiligiň iňňän pesliginden ejir çekýär. Emma Türkmenistanyň prezidentiniň Daşoguza eden soňky saparynda bu problemalar gozgalmady, resmi derejede garalan proýektleriň çäginde hakyky problemalaryň çözgüdi agtarylmady.

Azatlyk Radiosy: Daşoguzda agyz suwunyň ýetmezçiligi we suwuň hiliniň erbetdigi barada köpden bäri aýdylýar. Suw meselesiniň şu sapar döwlet baştutany tarapyndan ýeterlik derejede gozgalmanlygyna näme sebäp bolup biler?

Tuhbatullin: Berdimuhamedowyň şu sapar suw meselesini gozgamazlygynyň sebäbine men şeýle düşünýärin. Mundan birnäçe ýyl öň prezidentiň hut özi Daşoguzda suwy arassalaýan zawody dabaraly ýagdaýda açypdy we mundan beýläk welaýat merkeziniň ýaşaýjylary arassa suwy içer, suw ýaşaýyş jaýlara hem eltiler diýip yglan edipdi. Emma birnäçe ýyl geçensoňam zawodyň suwy ýaşaýyş jaýlaryna eltilmedi, zawod häzirem doly güýjünde işlänok. Arassa suwy bolsa diňe zawodyň özüne baryp, satyn alyp bolýar ýa-da söwdagärlerden satyn alyp bolýar. Bahasy onçakly gymmat bolmasa-da, suwy mugt alyp bolmaýar.

Azatlyk Radiosy: Daşoguzda sosial-ykdysady mesele diýlip ilkinji nobatda gurluşyklar agzaldy. Myhmanhanalara, bazarlara we metjitlere siz sosial obýekt hökmünde garaýarsyňyzmy?

Tuhbatullin: Bu problema diňe bir Daşoguza mahsus bolman, tutuş Türkmenistana degişli. Sebäbi sosial problemalary çyndan çözmek – agyr hem o diýen göze ilip durmaýan iş. Gysga wagtyň dowamynda agyr problemalary çözüp bolmaýar. Olary diňe ýerinden gozgamak üçin käbir işleri geçirip, zerur proýektleri hödür etmek mümkin. Türkmenistanyň hökümeti bolsa ilat diňe tiz bitýän we ägirt uly üstünlikleri görmek isleýändir öýdýäne meňzeýär. Hut şu sebäpden Türkmenistanda ýalpyldap duran otelleriň we köp adamlyk metjitler ýaly uly göwrümli obýektleriň gurluşygyna esasy üns berilýän bolmagy mümkin.
XS
SM
MD
LG