Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň "rus howpy"


Türkmen esgeri Gyzyl meýdandaky harby paradda, Moskwa, 9-njy maý, 2010.

Türkmen esgeri Gyzyl meýdandaky harby paradda, Moskwa, 9-njy maý, 2010.

Türkmenistanda "rus kartynyň" oýnalmak ähtimallygy baradaky söhbetdeşlige gatnaşanlar Ukrainanyň Krym sebiti Orsýet tarapyndan anneksiýa edilenden soň ýagdaýa çynlakaý seretmelidigini öňe sürýärler.

Orsýetiň Ukrainanyň Krym regionyny anneksiýa etmegi, şol bir wagtda bu sebitde ýaşaýan rus dilli raýatlaryň aglabasynyň Kremliň halkara derejesinde ýazgarylan hereketine «halas ediş» hökmünde garamagy dürli pikirleri we çaklamalary döretdi.

Ikinji tarapdan, Orsýet ozalky sowet respublikalarynyň raýatlarynyň, isleg bildirseler, rus raýatlygyny almak düzgünlerini ýönekeýleşdirmegiň çärelerini agtaýarna çalym edýär.

Bu ýagdaýlar «rus karty» diýilýäniň, ýagny rus dili ilatyň hukuklaryny goramak tutarygy astynda, Türkmenistan ýaly ýerlerde hem oýnalmak ähtimallygy baradaky soraglary döredýär.

Azatlyk Radiosy nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşligini şu tema bagyşlady. Diňläň we pikiriňizi aýdyň.
We are sorry, but this feature is currently not available

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG