Sepleriň elýeterliligi

​AI: Ölüm jezasy artdy


Adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” guramasynyň adamyň ölüm jezasyna sezewar edilmegi baradaky täze ýyllyk hasabatynda Eýran we Yrak adam öldürmeleriň geçen ýyl “global derejesinde çürt-kesik artmagyna” jogapkär boldy diýilýär.

Penşenbe güni ýaýradylan bu hasabatda 2013-nji ýylda bütin dünýäde 778 adamyň ölüm jezasyna sezewar edilendigi aýdylýar. Bu san öňki ýyl bilen deňeşdireniňde 15% ýokarydyr.

Bu raportda geçen ýylyň dowamynda Eýranda 369, Yrakda bolsa 169 adamyň ölüm jezasyna höküm edilendigi habar berilýär.

Yrakda ölüm jezasyna sezewar edilenleriň aglabasy iş ýüzünde “terrorizme garşy göreş kanuny esasynda höküm edildi” diýilýär.

Düýbi Londanda ýerleşýän “Amnesty International” guramasynyň ýaýradan bu maglumaty Hytaýy we Demirgazyk Koreýany öz içine almaýar. Gurama Hytaýda müňlerçe adamyň ölüm jezasyna höküm edilendigine ynanýar.
XS
SM
MD
LG