Sepleriň elýeterliligi

​Malaziýa: Taýland obýektler göründi diýýär


Taýland özüniň ýer hemralarynyň biriniň Hindi okeanynda dürli ululykdaky 300 obýekti ýüze çykarandygyny habar berýär. Gürrüňi edilýän bu territoriýa Malaziýanyň ýiten uçarynyň gözlenýän sebitiniň golaýynda ýerleşýär.

Käbir obýektleriň uzynlygynyň 16 metre çenli barabardygy çaklanylýar. Gürrüňi edilýän bu obýektleriň ýekşenbe güni Fransiýanyň ýer hemrasynda görnen anyk bolmadyk 122 obýektiň ýerleşýän territoriýasyndan takmynan 200 kilometr uzaklykdadygy aýdylýar.

Gürrüňi edilýän bu obýektleriň Malaziýanyň ýiten 370 kysymly uçaryna degişli bolup bolmandygy nämälimligine galýar.

Gürrüňi edilýän uçar 239 ýolagçy bilen 8-nji martda ýitirim bolupdy.
XS
SM
MD
LG