Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Gazagystan: Žurnalist ýurdy terk etdi


Gazak žurnalisti yzarlamalardan howatyr edip, adamysy we iki çagasy bilen Gazagystany terk edendigini aýdýar.

Nataliýa Sadykowa penşenbe güni Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda özüniň we maşgalasynyň häzirki wagt Ukrainadadygyny habar berdi.

Şeýle-de, Sadykowa oppozision “Respublika” atly onlaýn habar portalynda çap bolan makala bilen ilteşikli geçen aý Aktobe şäherindäki sülçileriň özüni soraga çekendigini aýtdy. Gürrüňi edilýän bu makala ýerli resmileriň arasyndaky korrupsiýa barada ýazylandyr.

Derňewçiler Sadykowa onuň makalanyň awtory bolmakda güman edilýändigini aýdyp, makalanyň awtoryna garşy öňki kanunçykaryjy Marat Itegulowyň özüne töhmet atmak bilen bagly şikaýat edip suda ýüzlenendigini habar beripdirler. Makalada awtoryň Bahyt Ilýasowdygy bellenilýär.

Sadykowa makala bilen ilteşiginiň ýokdugyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG