Sepleriň elýeterliligi

logo-print

​Ukraina: IMF $14-18 milliard karz berýär


Halkara walýuta fondy (IMF) nagt pul kynçylygy çekýän Ukraina 14 milliard bilen 18 milliard amerikan dollary aralygynda karz pul bermäge wada berdi.

Kiýewde iki hepde töweregi dowam eden gepleşiklerden soň, penşenbe güni Halkara walýuta fondy resmi beýanat ýaýradyp, onda bu ýurda “maliýe hemaýatyny bermek üçin ukrain tarapynyň jogapkär işgärleri derejesindäki aralyk ylalaşyklara gelnendigini” habar berdi.

Şeýle-de, beýanatda “ähli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn goldawlaryň möçberi hasaplanylandan soň” karz puluň takyk mukdarynyň kesgitleniljekdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG