Sepleriň elýeterliligi

​Özbegistan: Pul geçirmek saklanyldy


Özbegistanyň Merkezi banky ýurduň ähli banklaryna 1-nji aprelden başlap Russiýanyň “Zolotaýa Korona” kompaniýasynyň üsti bilen amala aşyrylýan pul operasiýalaryny togtatmak üçin tabşyryk berdi.

Daşkentdäki “Asia Alliance”, “Ipoteka” we “Invest Finance” banklarynyň wekilleri Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda bu karar bilen baglylykda hiç hili düşündiriş berilmedi diýdiler.

Russiýada işleýän müňlerçe özbek migrant işçi Özbegistandaky maşgalalaryna pul ugratmak üçin uzak wagtdan bäri “Zolotaýa Korona” kompaniýasynyň hyzmatlaryndan peýdalanýardylar. Häzirki wagt olar “Western Union”, “Asia Express”we “Money Transfer” ýaly nyrhy has gymmat kompaniýalaryň hyzmatlaryndan peýdalanmaga mejbur edildiler.

“Zolotaýa Korona” kompaniýasynyň resmileri bu barada maglumat bermekden saklandylar.
XS
SM
MD
LG