Sepleriň elýeterliligi

Ýerli tatarlar 'ekstremizmde' aýyplanýar


Orsýetiň Krymy basyp almagy bilen ýarymadada ýaşaýan tatar azlyklary bu ýerde ýiti hem-de zabun kanunlaryň durmuşa geçirilmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Orsýetiň Krymy basyp almagy bilen ýarymadada ýaşaýan tatar azlyklary bu ýerde ýiti hem-de zabun kanunlaryň durmuşa geçirilmegi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Habarlaryny rus dilinde neşir edýän käbir orsparaz köpçülikleýin habar serişdeleri Krymyň paýtagty Simferopolda ýerleşýän “ATR” atly garaşsyz telewizion kanalyň eýesi Lenur Yslamowy garalamak üçin gazaply hüjüme girişdiler.

Mysal üçin “Ridus.ru” websahypasy Yslamowy “Krymda syýasy, sosial hem-de etniki durnuksyzlygy” öjükdirmekde hem-de ony “Gyzyl goşuna” dil ýetirmekde aýyplaýar. Nämemiş, Yslamow krym tatarlarynyň 1944-nji ýylda sürgün edilişleri barada surata düşürilen we 2013-nji ýylda abraýly sylaglara mynasyp bolan belli kinofilminiň döredilmegi üçin maddy goldaw berenmişin.

Gürrüňi edilýän makalada “ATR” kanaly Orsýetiň garaşsyz telewizion kanaly bolan "Dožd" TW kanalyna deňelýär. Efire giden gepleşikleriniň birinde, Ikinji jahan urşy döwründe Leningradyň gabawda saklanyşy barada jedelli pikir soralyşyk geçireni üçin "Dožd" TW kanaly hem şu ýylyň başynda özüniň kabelli ýaýlymlaryndan mahrum edildi.

“Al-Kaýdanyň wekili”

“Ridus.ru” websahypasy 19-njy martda çap eden makalasynda: “Eger-de rusofobiýany ýaýbaňlaşdyrýan dawaly "Dožd" TW kanalyna deňelmeli, ýer ýüzünde başga bir kanal bar bolsa, onda bu gürrüňsiz Simferopolyň ATR-dir” diýilýär. Rus dilinde neşir edilýän beýleki metbugat serişdelerinde Yslamow “dönük”, “ekstermist” “Al-Kaýdanyň wekili” diýlip atlandyrylýar.

Krym taralaryndan Moskwada ýaşaýan žurnalist we blogger Aýdar Muždabaýew bu “sahnalaşdyrylýan oýna” tatarlaryň, umuman, musulmanlaryň ozaldan beletdigini aýdýar.

“Yslam bilen ilteşigi bolan adamlar üçin nähili “sahna” gurnalýandygyny hemmämiz öňem telim gezek başymyzdan geçirdik. Tatarystanda käwagt adamlar “ekstremist” diýlip yglan edilýärdi. Ors häkimiýetleri Krymda doly gözegçiligi ele alansoňlar, tatarlar ýene-de “ekstremist” diýlip tagmalanarlar”.

Muždabaýew “ATR-niň” üstünlikleri we onuň hiç kime garaşly bolmandygy üçin kanalyň eýesi Yslamowa ilki bilen hüjüm edilendigini aýdýar: “Lenur Yslamow aýratynam soňky yyllarda tatar diliniň we medeniýetiniň ösdürilmegi üçin köp iş bitirdi. Ol ATR kanalyny açdy we muny Krymda ýaşaýan orslar bilen bir hatarda tutuş Krym halkynyň iň köp tomaşa edýän meşhur kanallarynyň hataryna goşdy”.

Synçylaryň we aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, Yslamowa garşy edilýän metbugat hüjümi has giň gerimli tendensiýanyň bir bölegidir.

80-nji ýyllarda tatarlaryň öz ýarymadalaryna dolanyp gelmekleri bilen krym tatarlarynyň we etniki orslaryň arasynda oňşuksyzlyklar ýüze çykyp başlady. Krym tatarlary ýarymadanyň Orsýete birikdirilmegi üçin geçirilen jedelli referenduma kes-kelläm garşy çykdylar.

Täze düzülen orsparaz krym hökümeti kanunçykaryjy we ýerine ýetiriji organlarda orunlaryň 20 göterimini azlykdaky krym tatarlaryna wada berýär. Şeýle-de täze düzülen hökümet tatarlara ýarymadada tatar diliniň resmi dil hökmünde kabul ediljekdigini, täze repatriasiýa, ýagny öz watanyňa dolanmak programmasynyň durmuşa geçiriljekdigini wada berýär. Ýöne, muňa garamazdan, tatarlar bu wadalara şübheli garaýarlar.

Täze hökümet

Täze düzülen krym hökümetiniň düzüminde Krymda ýaşaýan tatarlardan agza ýok. Premýer-ministriň orunbasary Rüstem Demirgaliýew Orsýetiň Tatarystan respublikasyndan bolup, ol Gazan tatarlaryndan. Onuň kakasy Wolga tatarlarynyň bileleşigi bolan moskwaçyl “Idel” bileleşiginiň başlygydyr.

Krym tatarlarynyň syýasy geňeşi bolan “Tatar gurultaýy” 29-njy martda Krymda tatarlaryň orny we rus raýatlygyna ýüz tutmak boýunça käbir meselerleri geňeşmek üçin ýygnak geçirer.

Rus dilinde habar çap edýän media toparlary ATR telekanalyna gönükdirýän aýyplamalarynda kanalyň ”Hizbut-Tahrir” jemagatynyň wekilleri bilen gürrüňdeşlik geçirip, efire berýändigi hem agzalýar. Gürrüňi edilýän jemagatyň Krymda 10 müň sany agzasy bar we bu topar Ukrainada kanuny esasda hasaba alnan topar. Ýöne Orsýet ”Hizbut-Tahrire” ekstremistler hökmünde garaýar.

19-njy martda Demirgaliýew bilen geçirilen gürrüňdeşlikde ol "Hizbut-Tahririň" ýapyljakdygyny tassyklady. Ol: “Rus kanunçylygynyň esasynda biz gürrüňi edilýän guramanyň hereketlerini çäklendirmeli bolarys. Munuň nähili amala aşyryljakdygy, ýagny topar tutuşlygyna gadagan edilermi ýa-da onuň öz-özüni resmileşdirmegi talap edilermi, bu meselerler boýunça ýakyn wagtda belli bir karara gelner” diýdi.
XS
SM
MD
LG