Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgansytan: Çaphana biznesi pajarlaýar


“Horasan” neşirýat gullugy
“Horasan” neşirýat gullugy
“Horasan” neşirýat gullugynyň söwdasy oňdy. Gullugyň Kabulda ýerleşýän çaphanasynda zähmet çekýän ýaş oglanlar gara başagaý bolup, saýlawlarda ulanyljak afişalary, suratlary we broşýuralary çykarýarlar.

Kabulda ýerleşýän “Horasan” neşirýaty bilen bir hatarda ýene-de 150-den gowrak çaphana üçin öňümizdäki aýda geçiriljek prezidentlik saýlawlary “sowgat” boldy.

Ozallar saýlaw kampaniýalarynda ulanylýan materiallar daşary ýurtlarda çap edilerdi. Ýöne 5-nji aprelde geçiriljek saýlawlar ýurduň çaphana pudagyna uly goşant boldy. Sebäbi owgan hökümeti ýurtda goşmaça girdeji çeşmesini emele getirmek hem-de halky iş orunlary bilen üpjün etmek maksady bilen, dalaşgärleriň özlerini wagyz ediji materiallaryny ýurduň içinde çap etdirmegi buýurdy.

Afişalaryň ähmiýeti

Owganystanda afişalar we suratlar saýlaw kampaniýalarynda uly rol oýnaýar. Dalaşgärler Kabulyň köçeleriniň ugrunda ýerleşýän dükanlaryň diwarlarynda, ulaglarda, garaz, hemme ýerde 10 müňe golaý afişadyr suratlary asyp çykypdyrlar. Gürrüňi edilýän afişalardaky dalaşgärleriň suratlary halkyň prezidentlige dalaş edýän ildeşlerini ýüzlerinden tanamaklaryna uly ýardam edýär.

“Horasan” neşirýat gullugynyň başlygy Şefikulla öz edarasynda günüň 16 sagadyny işläp geçirýän onlarça işgäriniň bardygyny aýdýar. Ol gelen sargytlary wagtynda ýetişdirmek üçin işgärleriň jan aýaman zähmet çekýändiklerini we bu işden öz kompaniýasynyň müňlerçe dollar gazanýandygyny aýdýar.

“Bu günler ýurtda saýlaw bar, şonuň üçin söwda gowy gidýär. Biz häzirki wagtda köp sanly ündew suratlaryny (plakatlary) çap edýäris. Biz her gün dalaşgärlere degişli suratlaryň ortaça 50-70 müň nusgasyny çap edýäris”.

Şefikulla şeýle gürrüň berýär: “Fewral aýynda saýlaw kampaniýalarynyň resmi taýdan başlanmagy bilen, prezidentlige dalaş edýän kandidatlardan, şeýle-de 34 welaýatda geçiriljek ýerli saýlawlarda çykyş edýän müňlerçe dalaşgärlerden uly möçberde sargyt aldyk”.

Kabulyň Deh Afganan etrapçasynda ýerleşýän “Pamir” neşirýat gullugynyň eýesi Ahmet Nesim prezidentlik wezipesine dalaş edýän kandidatlara degişli 50 sany dürli ündew suratlaryny çap edendiklerini we ýerli geňeşleriň agzalygyna dalaş edýän adamlar üçin 120 müň sany afişa çap edendiklerini aýdýar.

“Biz her gün 900-1000 metr töweregi kagyzy sarp edýäris. Hudaýa şükür, häzir söwdamyz gowy. Biz tutanýerli zähmet çekip, abraý gazandyk we müşderilerimiz bilen oňyn gatnaşyk saklaýarys” diýip Ahmet Nesim gürrüň berýär.

Ahmet ündew suratlarynyň bahasy barada gürrüň bermek bilen ol bir metr kagyza çap edilýän suratyň bahasynyň 1 dollar bilen 6 dollar aralygynda üýtgeýändigini aýdýar. Ol bahanyň kagyzyň hiline görä üýtgeýändigini gürrüň berýär. Ahmet özleriniň çaphanasyna şu wagta çenli iň köp surat sargyt eden dalaşgärleriň Abdul Resul Saýýaf bilen Gul Afga Şerzaidygyny we olaryň her haýsynyň aýratynlykda takmynan 50 müň ündew suratlaryny sargandyklaryny aýdýar.

Girdeji

Gelip gowuşýan käbir habarlara görä, Owganystanda neşir işlerini ýerine ýetirýän kärhanalar prezidentlik saýlawlarynyň hem-de ýerli geňeşlere agzalyk saýlawlarynyň kampaniýalarynda jemi 3 million dollardan hem köp girdeji gazanypdyrlar.

Kabulda ýerleşýän “Universal” çaphanasynyň eýesi Hamidulla, eger-de saýlaw kampaniýalarynda ulanylýan ähli materiallar goňşy ýurtlarda; Pakistanda, Hindistanda, Hytaýda we Eýranda çap edilmän, şolaryň hemmesi ýurduň içinde çap edilenliginde, onda gazanylan girdeji has-da köp bolardy diýýär.

“Hökümet ähli materiallaryň ýurduň içinde çap etdirilmegini tabşyran hem bolsa käbir dalaşgärler bahasyny arzan görüp, öz afişalaryny daşary ýurtlarda çap etdirýärler” diýip Hamidulla gürrüň berýär.

Şol bir wagtyň özünde Owganystanyň çaphana eýeleri öz kärhanalarynda ulanýan elektrik togy üçin köp pul töleýändiklerini aýdýarlar, şeýle-de olar kireý töleginden hem-de kärhana açmak üçin zerur bolan rugsatnamany almak prosesiniň ýüregedüşgünçliginden şikaýat edýärler.

Owganystanda 2009-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlaryndan soň ýurduň içindäki çaphanalar döwrebaplaşdyryldy.
XS
SM
MD
LG