Sepleriň elýeterliligi

BMG: Aşgabat sesini bermedi


BMG-niň Baş Assembleýasy Ukrain rezolýusiýasy boýunça ses berýär. 27-nji mart, 2014 ý.

BMG-niň Baş Assembleýasy Ukrain rezolýusiýasy boýunça ses berýär. 27-nji mart, 2014 ý.

BMG-niň Baş Assambleýasy "Ukrainanyň territorial bütewiligi" baradaky rezolýusiýany kabul edip; Krymyň golaýdaky bölünmegini bikanun diýip ykrar etdi.

Rezolýusiýany 100 ýurt goldady, 11 döwlet oňa garşy çykdy, 58 ýurt hem ses bermekden saklandy.

Rezolýusiýa garşy ses beren döwletler: Ermenistan, Belarus, Boliwiýa, Kuba, Demirgazyk Koreýa, Nikaragua, Russiýa, Sudan, Siriýa, Wenesuela we Zimbabwe.

Türkmenistan, Täjigistan we Gyrgyzystan rezolýusiýa boýunça ses bermedi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG