Sepleriň elýeterliligi

logo-print

​Baku: Ermenistan ok atyşlygy bozdy


Azerbaýjan harby ofiseriň we ýerli ýaşaýjynyň ýaralanandygyny öňe sürüp, Ermenistany ok atyşlygy bes etmek bardaky ylalaşygy bozmakda ýene bir gezek aýyplady.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň anna güni ýaýradan beýanatynda ermeni güýçleriniň Towuz etrabyndaky Alibeýli obasyna ot açandygy aýdylýar. Gürrüňi edilýän etrap ýurduň Ermenistan bilen araçäginiň golaýynda ýerleşýär.

Azerbaýjanyň armiýasynyň ofiseri we ýerli ýaşaýjy ok degmegi netijesinde ýaralanyp, keselhana ýerleşdirildi.

Bu waka Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Aliýew we onuň ermeni kärdeşi Serž Sarkisýan Hagda geçirilen duşuşyklarda parahatçylyk gepleşikleri dowam etdirjekdiklerine wada bereninden birnäçe gün soň bolup geçdi.

Azerbaýjanyň Daglyk-Garabag regiony sebäpli iki ýurduň arasynda ençeme ýyl bäri konfliktler dowam edýär. Bu regionyň ilatynyň aglabasy ermenilerden ybaratdyr.
XS
SM
MD
LG