Sepleriň elýeterliligi

Russiýa BMG-niň rezolýusiýasyny ýazgardy


Russiýanyň Daşary işler ministrligi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasy tarapyndan “Ukrainanyň terrotorial bitewiligi” barada kabul edilen rezolýusiýany ýazgaryp, beýanat ýaýratdy.

Ministrligiň anna güni çap eden beýanatynda 27-nji martda kabul edilen rezolýusiýanyň “peýdasyndan zyýanynyň köp bolandygy” we “munuň Ukrainanyň içindäki syýasy krizisi kadalaşdyrmak baradaky tagallalary diňe çylşyrymlaşdyrjakdygy” aýdylýar.

Şeýle-de, beýanatda “Günbatar ýurtlarynyň ençemesiniň Ukrainanyň içerki işlerine goşulmagy” diýlip häsiýetlendirilen çäreler ýazgarylyp, munuň köpçülikleýin adam hukuk bozmalaryna alyp barandygy öňe sürülýär.
XS
SM
MD
LG