Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Pakistanly hristian ölüm jezasyna höküm edildi


Pakistanyň Lahor welaýatynyň sudy pakistanly hristiany dine şek ýetirmekde günäli tapyp, ölüm jezasyna höküm etdi. Gürrüň gidýän wakalar geçen ýyl köpçülikleýin durnuksyzlyklaryň ýaýramagyna sebäp bolupdy.

Sawan Masihiň aklawçysy Namim Şakiriň sözlerine görä, onuň müşderisi baradaky karary sud penşenbe güni türmede yglan edipdir. Masihe suduň jaýyna gidýän ýolda hüjüm edilmeginden howatyr edilip, onuň sud işi türmede geçirildi.

Geçen ýylyň mart aýynda pakistanly musulman adam Masihi Muhammet pygambere ýaramaz zatlary diýmekde aýyplapdy.

Ýurduň polisiýasy Masihi tussag edipdi. Ýöne şondan gysga wagt soň, adamlaryň üýşmeleňi Masihiň we beýleki hristianlaryň ýaşaýan sebitinde jaýlary ýakyp, emläkleri ýok edipdi.

Şol wakada ýüzlerçe hristian maşgalasy sebiti terk edipdi. Ýöne soňky maglumatlarda olaryň yzyna dolanyp, jaýlaryny gaýtadan gurandyklary habar berilýär.
XS
SM
MD
LG