Sepleriň elýeterliligi

​“iPad" üçin “Office” nusgasy çykaryldy


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Microsoft” tilsimat kompaniýasy meşhur “Office” programmasynyň “iPad” kysymly tabletler üçin amatly nusgasyny ulanyşa goýberdi. “iPad” kysymly tabletler “Microsoft”-yň uzak wagtdan bäri bäsdeşi “Apple” kompaniýasy tarapyndan döredilýär.

“Microsoft” kompaniýasynyň täze ýerine ýetiriji başlygy Satýa Nadella bu barada penşenbe güni yglan etdi. Bu Nabellanyň fewral aýynda wezipä başlanyndan soň, geçiren ilkinji metbugat ýygnagydyr.

“Office” programmasynyň “iPad” üçin döredilen täze nusgasyny tablete mugt indirip bolýar. Ýöne muňa garamazdan, ulanyjylaryň dokumentleri diňe okamagyň deregine, olary döretmegine ýa-da üýtgetmegine rugsat bermek üçin programma ýazylmaklyk zerur hasaplanylýar.

Häzirki wagt “Office”-iň aýry-aýrylykda “Word”, “Excel” we “Powerpoint” ýaly üç programmasy ulanyjylara hödürlendi.
XS
SM
MD
LG