Sepleriň elýeterliligi

Kabulda güýçli partlama boldy


Owganystanyň paýtagty Kabulda güýçli partlama boldy. Polisiýanyň we waka şaýat bolanlaryň aýtmaklaryna görä, janyndan geçen hüjümçi partladyjy serişdeler ýerleşdirilen ulagy anna güni hususy myhmanhana jaýynyň golaýynda partladypdyr.

Partlamanyň yz ýany ok atyşyk boldy. Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň berýän maglumatyna görä, polisiýa hüjümiň bolýan ýerine žurnalistleriň barmagyna rugsat bermeýär.

Henize çenli adam ýitgisi barada maglumat berilmeýär.

“Talyban” hereketi bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alyp, beýanat ýaýratdy. Topar gürrüňi edilýän jaýyň dinini hristiançylyga çalyşan owganlar tarapyndan ybadathana hökmünde ulanylýandygy üçin söweşiji toparlar tarapyndan nyşana alynandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG