Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kanadanyň halkara kinofestiwaly


Kinoteatryň içi.

Kinoteatryň içi.

28-29-njy martda Kanadanyň Wankuwer şäherinde Kanadanyň halkara kinofestiwaly geçirilýär.

Gürrüňi edilýän festiwala dünýäniň 90 ýurdundan kino sungatynyň wekilleri gatnaşýarlar we olar festiwalda öz düşüren dokumental filmlerini, animasiýalaryny, aýdym-saz kliplerini, kinofilmlerini görkezýärler diýlip, “Canada International Film Festival” atly websahypada habar berilýär.

“Canada International Film Festival” atly websahypada habar berilmegine görä, bu ýylky festiwalda Demirgazyk Amerikanyň we beýleki ýurtlaryň ençeme filmleri görkeziler.

Kinoçylaryň düşüren wideolary festiwalyň degişli kategoriýasyndaky bäsleşige gatnaşarlar we soňra olar festiwalyň çäginde görkeziler.

Baýraklar

Gürrüňi edilýän websahypada bellenilmegine görä, her ýyl geçirilýän bu festiwalda esasy kategoriýalaryň ählisi boýunça, ýagny iň gowy kinofilmler, iň gowy kinodöredijiler, iň gowy awtorlar we aktýorlar diýen baýraklar berilýär.

Festiwalyň emin agzalary tarapyndan saýlanyp, “Grand Jury Award” atly baýraga mynasyp boljak kinofilm bolsa festiwalda görkezilen iň gowy film bolar.

Şeýle-de, Kanadanyň halkara kinofilm festiwaly entek üsti açylmadyk we täze senariýleri ýazmaga höweslendirmek tagallasy bilen festiwalyň çäginde her ýyl “Senariý ýazmak bäsleşigini” hem geçirýär diýlip, gürrüňi edilýän festiwalyň websahypasynda bellenilýär. Bäsleşigiň çäginde iň gowy senariý üçin diýlen baýrak gysga kinofilm we telewideniýe senarisi kategoriýalary boýunça berler.

“Canada International Film Festival” atly websahypada berilýän maglumatda festiwaldaky ähli kinofilmler we senariler diňe işiň esasyna we umumy hiline görä saýlanylýar diýilýär.

Bu halkara festiwal Kanadanyň iň gowy kinofilm festiwallarynyň biridir. Ol her ýyl Kanadanyň Wankuwer şäherinde geçirilýär. Şu ýylky festiwal Wankuwer şäheriniň “Edgewater Casino” zalynda geçiriler.
XS
SM
MD
LG