Sepleriň elýeterliligi

Orsýet BMG-niň rezolýusiýasyny tankyt etdi


Orsýetiň BMG-däki ilçisi W.Çurkin.

Orsýetiň BMG-däki ilçisi W.Çurkin.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Ukrainanyň territorial bütewiligi” barada rezolýusiýa kabul etmegini ýazgaryp, beýannama ýaýratdy.

Ministrligiň anna güni çap eden bu beýannamasynda 27-nji martda kabul edilen rezolýusiýa “öňyn netijä garşy” diýip atlandyryldy we onuň “Ukrainadaky içerki syýasy krizisi çözmek boýunça görülýän tagallalary diňe kynlaşdyrjakdygy aýdyldy.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi “Günbatar döwletleriniň ençemesini Ukrainanyň işlerine düýpli goşulmakda” tankyt etdi we munuň kanuny bozýandygyny hem adam hukuklaryny giňden depeleýändigini aýtdy.

BMG-däki ses berişlik

Beýannamada BMG-niň agzalýan rezolýusiýasy Günbataryň häzirki ýagdaýda Orsýeti aýyplamak üçin edýän synanyşygy diýlip atlandyryldy. Rezolýusiýany 100 ýurt goldady, 11 ýurt garşy çykdy we 58 ýurt saklandy.

Rezolýusiýa garşy çykan ýurtlar kän däl, olar: Ermenistan, Belarus, Boliwiýa, Kuba, Demirgazyk Koreýa, Nikaragua, Orsýetiň özi, Sudan, Siriýa, Wenesuela we Zimbabwe.

Rezolýusiýanyň maksady

27-nji martda Baş Assambleýada bolan bu ses berişligiň öňüsyrasynda ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Samanta Power rezolýusiýanyň serhetleriň ýöne hyýaly bir zat däldigini tassyklandygyny belledi.

“Öňümizdäki rezolýusiýa möhüm mesele bilen bagly, ol biziň özbaşdaklygy, syýasy garaşsyzlygy, agzybirligi we Ukrainanyň territorial bütewiligini ykrar edýändigimizi tassyklaýar. Biz munuň bilen serhetleriň hyýaly bir zat däl-de, eýse has düýpli gymmatlykdygyny tassyklaýarys”.

Şeýle-de Samanta Power ukrain hökümetiniň krizisiň güýçlenmeginden gaça durýandygyny makullap,“Ukraina sabyr-takady üçin öwgä mynasypdyr” diýip belledi.

Ýewropa Bileleşiginiň BMG-däki ilçisi Tomas Mayr Hartig guramanyň Orsýetiň Krymy “bikanun anneksiýa” etmegini ykrar etmeýändigini aýtdy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň rezolýusiýasy takyk çäreleri göz öňünde tutmaýar, emma ol gürrüňi edilýän mesele boýunça dünýäniň nukdaýnazaryny aýan edýär.

27-nji martda çykyş eden ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ukrainadaky krizis bilen baglylykda Orsýetiň “izolýasiýasynyň” dowam etdiriljekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG