Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Ýaşlar we 1-nji aprel


Makedoniýada 1-nji aprel degişme gününe gatnaşýan çaga.
Makedoniýada 1-nji aprel degişme gününe gatnaşýan çaga.
1-nji aprel güni dünýäniň ençeme ýurdunda “degişmeler” güni diýlip atlandyrylýar. Bu gün mynasybetli 1-nji aprelde adamlar birek-biregine dürli degişmeleri edýärler. Taryhy çeşmelere görä, bu gün eýýäm XIV-nji asyrdan bäri dünýäniň ençeme ýurdunda bellenilip gelýär.

Eýsem, 1-nji aprel gününe degişli siziň iň ýatda galan degişmäňiz näme? Özüňiz tarapyndan başga birine ýa-da başga biri tarapyndan size edilen degişmeleriň haýsysy ýatdan çykmajak waka boldy?

Nobatdaky Täze Tolkun gepleşigimizde şu tema barada söhbet ederis. Öz ýatda galan degişmeleriňizi, wakalaryňyzy aşakdaky teswir bölümimizde galdyryp bilersiňiz. Isleseňiz, öz ýatda galan degişmeleriňizi gepleşigimize gatnaşyp hem beýan edip bilersiňiz. Biziň hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň, özümiz siziň bilen habarlaşarys.
XS
SM
MD
LG