Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Oguloraz: "Gaz çekilmedik obalar bar"


Gazyň ýerine odun ýakýan Mary welaýatynyň Saryjy obasy.

Gazyň ýerine odun ýakýan Mary welaýatynyň Saryjy obasy.

Mälim bolşy ýaly ýurtda 2014-nji ýyldan başlap gaz ölçeýji abzallaryň oturdylmalydygy barada karar kabul edilipdi we türkmen metbugatynda bu abzallaryň oturdulmagynyň tebigy baýlygy tygşytlamaga kömek berjekdigi aýdylypdy.

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy hem, tebigy gazyň hasaply ýakylmagynyň tarapdarydygyny aýdýar. Emma muňa garamazdan, ol gazyň pesliginden ejir çekýändigini we gazyň gapdalyndan odun hem ýakýandygyny aýdýar. Hat-da käbir obalarda asla gaz turbalarynyň hem çekilmändigini belleýär.

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy öý hojalykçy Oguloraz daýza gaz üpjünçiligi bilen bagly özüniň duş gelýän bökdençlikleri barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG